• Türkmençe
  • Türkçe
  • English
  • Русский

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy

Saglygy dikeldiş - dynç alyş we ekologiki syýahatçylygy ýaýbaňlandyrmak üçin Hazar deňziniň türkmen böleginiň ägirt uly mümkinçilikleri bardyr. Ýurdumyzyň bu künjegi türkmen tebigatynyň ýumşak klimatly, mineral, palçykly çeşmeli we alyslara uzap gidýän altyn öwüsginli çägeli plýažly, öz gözelligi boýunça örän täsin deňiz peýzažly, şowhunly "Guş bazarly", Hazar döwlet goraghanasynyň biologiki köpdürliligi boýunça ajaýyp suwly-batgaly ýerleridir 

2007-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrylyş dabarasyny hakykatdan hem halkara möçberindäki waka diýip atlandyrsa bolar. Bu waka dynç alyş we syýahatçyllyk pudagyna daşary ýurt maýa goýumlarynyň kuwwatly akymyny çekmek arkaly ýurduň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen düýbünden täzeçe çemeleşmäniň dünýä inen pursatyna öwrüldi. Onuň esasy maksady ýurduň ilatynyň ähli jähtden doly manyly durmuşy üçin zerur bolan şertleri döretmeklige gönükdirilen wajyp sosial ähmiýetli syýasaty hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Halkara ülňülerine laýyk gelýän bu syýahatçylyk zolagyny kenaryň 16 kilometre uzaýan ýakasynda gurmaklyk göz öňünde tutulýar. 

Dürli ýurtlaryň we şäherleriň tejribesi erkin ykdysady we dynç alyş zolaklarynyň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edýändigini, şol sebitiň we tutuş ýurduň ösmegine kuwwatly itergi berýändigini görkezýär. 

Iň döwrebap myhmanhanalaryň, çagalar sagaldyş öýleriniň, şypahanalaryň, kaşaň jaýlaryň, söwda we täjirçilik merkezleriniň gurluşyklarynyň taslamalary daşary ýurt kärhanalarynyň we şereketleriniň uly tapgyry tarapyndan ýerine ýetiriler. Syýahatçylyk zolagynyň çägindäki desgalaryň taslamalary işlenip düzülende, ýerleşdirilişi we gurluşygy amala aşyrylanda, ulanyşyga girizilende ekologiýa howpsuzlygynyň we daşky gurşawyň goragynyň talaplary berjaý edilmelidir. 

Sebitde ulag aragatnaşygy ulgamynyň - deňiz portunyň, aeroportuň, awtomobil we demir ýollarynyň bolmagy hem örän wajypdyr. Hazar sebitiniň syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi üçin "Demirgazyk-Günorta" demir ýolunyň gurluşygy hem täze mümkinçilikleri döreder. 

"Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi bilen daşary ýurtly myhmanlaryň beýleki dynç alyş merkezlerine, ilkinji nobatda hem Türkmenistanyň çäklerinden daşarda tanalýan mineral çeşmeli we bejeriş häsiýetli läbikli şypahanalaryna bolan gyzyklanmasy has-da artar.

"Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynda maýadarlar we syýahatçylyk pudagyndaky işewürler üçin oňaýly şertler dörediler. Bu çäreler öz düzümine aşakdakylary girizýär:

  • daşary ýurtly maýa goýumçylara Türkmenistanda ýerine ýetirilen hyzmatlardan we işlerden gazanan girdejileriniň harçlanylmadyk bölegini ýurduň daşyna çykarmaga rugsat bermek;
  • milli walýutanyň erkin konwertirlenýän walýuta çalşylmagyny üpjün etmek;
  • Milli syýahatçylyk zolagynda işleýän daşary ýurtly hünärmenlere we işçilere Türkmenistana giriş wizalaryny we rugsatnamalary ýeňillikli görnüşde bermek;
  • ýolnamasy bolan syýahatçylara giriş wizalaryny ýeňillikli görnüşde bermek;
  • syýahatçylyk zolagynda işlejek edara görnüşli taraplar we bu ýerde amala aşyryljak taslamalar döwlet tarapyndan hasaba alynanda, ygtyýarnama alynanda we çig mal biržasynda geleşikler resmileşdirilende resmileşdiriş we birža ýygymlaryndan, şeýle hem  ygtyýarnama üçin hyzmatlaryň töleginden boşatmak;
  • ýeri muzdsuz kärendesine bermek;
  • Milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalary gurluşyk döwründe goşulan baha üçin salgytdan, desgalar ulanylmaga berlenden soň 15 ýylyň dowamynda peýdadan alynýan salgytdan we emläk salgydyndan boşatmak.

Häzirki wagtda Awazanyň meýdany 1700 gektar möçberinde kesgitlenildi. Ilkinji nobatda gurluşygy alnyp barylmaly 90 sany ýer bölekleriniň sanawy we möçberi tassyklanyldy. 2008-nji ýylda "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynda kuwwatlylygy 254,2 mWt barabar bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. 

Syýahatçylyk zolaklarynyň halkara tejribesi syýahatçylyk bilen bir hatarda bu sebitde bar bolan ugurdaş ulgamlaryň hem, ýurduň umumy ykdysadyýetinde telekeçilik işjeňliginiň hem gülläp ösýändigine güwä geçýär. 

Awazadan ulag bilen birnäçe sagatlyk aralykda ýerleşen Mollagara kölüniň şor suwy we şypaly gara palçygy bejeriji we sagaldyjy täsirleri bilen giňden meşhurdyr. Hazaryň kenarynda "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynyň özleşdirilmegi, döwrebap enjamlaşdyrylan Mollagara şypahanasyny hem şol zolagyň özboluşly künjegine öwürer.

Düýpli durky täzelenenden soň ýakyn geljekde meşhur Arçman (aşgazan-içege ýollarynyň bejergisi) we Baýramaly (böwregiň, ýüregiň we nerw ulgamynyň öte geçen, utgaşykly näsazlygynyň bejergisi) şypahanalarynyň amatlylyk derejeleri has-da ýokarlanar.

Syýahatçylyk hyzmatlarynyň ösüşiniň esasy ugurlary:

  • dynç alyş-şowhun infrastrukturasynyň döredilmegi we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy, şowhunlar telekeçiligi pudagynyň ösdürilmegi;
  • sportuň işjeň görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän syýahatçylyk-sagaldyş we şypahana-kurort bejergisi, syýahatçylyk zyýaratlary, dynç alyş zolagynda dürli syýahatlaryň guralmagy (mysal üçin, deňiz gezelençleri, atly gezimler, eko- we agrosyýahatçylyk we beýleki hyzmatlar), ýurt boýunça gezelenç ýollarynyň ösdürilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň gözel künjeklerine we arhitektura ýadygärliklerine aýlanmak üçin (awtomobil, demirýol we howa ulaglary bilen) syýahatçylyk ýollarynyň ugurlarynda oňaýly şertleriň döredilmegi.