• Türkmençe
  • Türkçe
  • English
  • Русский

Medeniýet, Sport we Syýahatçylyk

MEDENIÝET, MILLI GYMMATLYKLAR WE SYÝAHATÇYLYK

Milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak işindäki esasy wezipeler Türkmenistanyň bar bolan taryhy we medeni ýadygärlikleriniň döwlet goraglylygynyň üpjün edilmeginden, olaryň öwrenilmeginden we dikeldiş-konserwasiýa işlerinden ybaratdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda muzeýleriň 30-a golaýy hereket edýär. Aşgabatda diňe soňky ýyllarda Türkmenistanyň S.Türkmenbaşy adyndaky Milli muzeýi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi, Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeni merkeziniň Prezident muzeýi gelip görýänler üçin öz gapylaryny giňden açdy. Aýdylyp geçilenlerden başga-da ýurtda örän wajyp ähmiýetli muzeýleriň ençemesi – Ahal welaýatynda Türkmenistanyň „Ak bugdaý“ milli muzeýi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýanyndaky Milli gymmatlyklaryň muzeýi, Gurbansoltan eje adyndaky Türkmen halysynyň muzeýi açyldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň ýörite kararyna laýyklykda ýakyn wagtda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde iň iri muzeýler toplumy dörediler, Mary, Türkmenabat we Balkanabat şäherlerinde welaýat taryhy öwreniş muzeýleriniň täze, döwrebap binalary gurlup, ulanylmaga berler.

Ýurduň teatr sungatyna hem mynasyp derejede üns berilýär. Teatr işgärleri täze, ähli amatlyklary bolan sungat öýlerinde döredijilikli işlemäge mümkinçilik aldylar. Täze gurlan we durky täzelenen teatrlaryň döwrebap, kaşaň ymaratlary paýtagtyň we welaýat merkezleriniň arhitektura keşbiniň üstüni ýetirdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleri hem barha artdyrylýar, köpçülikleýin elektron habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, telewideniýäniň we radionyň işi kämilleşdirilýär, olaryň maddy-tehniki binýady berkidilýär. Iň täze enjamlar satyn alnyp, bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin düýpli maýa goýumlary sarp edilýär.

Neşirýat-çaphana işi yzygiderli ösdürilýär, gündelik çap edilýän gazet-žurnallar bilen bir hatarda neşir edilýän çeper we okuw edebiýatynyň göwrümi giňeldilýär.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy

Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Türkmenistan özüniň baý mirasy bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazandy, bäşinji - henize çenli belli bolmadyk Margiana medeniýetiniň açylmagy gadymy dünýä taryhyna täzeçe garamaklyga itergi berdi. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler UNESCO-nyň tebigy we medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna goşuldy.

Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak we dikeltmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda Abul Fazlyň mawzoleýi, Ýolöten etrabyndaky Talhatan babanyň metjidi, Dehistanyň minaralary, Atamyrat etrabyndaky Alamberdaryň mawzoleýi we beýlekiler ýel-ýagmyryň astynda ýok bolup gitmekden goralyp, bu ýadygärliklerde dikeldiş işleri geçirildi. Iň ähmiýetli şäher toplumlarynyň ýerleşen ýerleri Döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edildi. Olaryň hataryna aşakdakylar degişlidir:

- Nusaý – Köpetdagyň eteginde ýerleşýen gadymy şäher (Ahal welaýaty). Bu şäher Parfiýa imperiýasynyň (b.e.ö. III asyr – b.e. III asyry) ilkinji paýtagtlarynyň biri bolup, gadymy eýýamyň döwlet gurluşlarynyň iň irileriniň hataryna girýär. Köşk we ybadathana desgalarynyň toplumyny özünde jemlän Nusaýda gazna, ägirt uly suw howdany we ummasyz gorlary saklaýan ammarlar ýerleşipdir. Galanyň diwarlary 8-9 metr galyňlykda bolup, 43 sany göniburç diňler bilen goralypdyr.

 

- Gadymy Merw (Mary welaýaty) – Orta Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri. Ol Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşip, iň gadymy medeniýetleriň biri bolan Margiana medeniýetiniň bölegi bolupdyr. Eger-de ozal gadymy medeni merkezleriň dördüsi (Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Hytaý) belli bolan bolsa, indi şolar ýaly bäşinji medeniýet hökmünde Margiana ykrar edilendir. Merkezi Aziýanyň meýdany boýunça iň uly arheologik desgalarynyň biri bolan bu ýerde gadymy şäherleriň birnäçesi (Erikgala, Gäwirgala, Abdyllahan galasy, Baýramaly galasy) saklanyp galyp, olar boýunça bu meşhur şäheriň gadymy döwürlerden tä giçki orta asyrlara çenli taryhy ýerleşişini öwrenmek kyn düşmeýär. Gadymy Merwiň iň täsin arhitektura ýadygärlikleriniň arasynda Uly we Kiçi Gyzgalany, Muhammet ibn-Zeýdiň we Ashablaryň mawzoleýlerini, Hoja Ýusup Hemedanynyň metjidini we alymlaryň biragyzdan ykrar etmegi bilen Gündogaryň orta asyrlar arhitekturasynyň göwher nusgasy hasaplanýan Soltan Sanjaryň aramgähini görkezmek bolar.

 

Merwde Al Horezmi, Omar Haýýam, as-Samani, Enweri ýaly orta asyrlaryň beýik pähimdarlary ýaşap we döredip geçdiler. Arheologik barlaglaryň netijesinde Merwiň biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda Erikgalanyň ýerleşen ýerinde dörändigi anyklanyldy.

- Köneürgenç (Daşoguz welaýaty) – geçmişde Demirgazyk Horezmiň gadymy paýtagty bolup, biziň eýýamymyzyň I asyrynda dörändir. VIII asyryň ortalarynda araplar tarapyndan basylyp alynýar, 995-nji ýylda Gürgenç diýlip täze at berilýär we horezm şalarynyň rezidensiýasyna öwrülýär. Orta asyrlaryň iri medeni we söwda merkezi. Beýik ensiklopediýaşy Abu Reýhan Muhammet ibn-Ahmet al Biruny (973-1050-nji ýyllar) we Günbatarda Awisenna ady bilen meşhur bolan tebigaty öwreniji, ajaýyp lukman we pelsepeçi Abu Ali ibn Sina (980-1037-nji ýyllar) bu şäheriň buýsanjyna öwrülendir. Köneürgenç birnäçe gezek ýykylýar - 1221-nji ýylda rehim-şepagatsyz Çingiz hanyň ýolbaşçylygy astyndaky mongol-tatar ordasy we 1338-nji ýylda ganojak Teýmirleňiň goşuny tarapyndan düýpli berbatçylyga sezewar edilýär. Şoňa görä-de Köneürgenjiň ýadygärlikleriniň aglabasy biziň günlerimize düýpli zeper ýeten ýagdaýynda gelip ýetdi, emma muňa garamazdan, Törebeg Hanymyň (XIV asyr), Soltan Tekeşiň (XII asyr), Il Arslanyň (XII asyr) mawzoleýleri, Gutluk Timuryň minarasy (XI-XIV asyrlar) we beýleki saklanyp galan ýadygärlikler görenleri haýrana galdyrýar.

Bu günki gün Köneürgenç dünýäniň dört künjeginden gelýän syýahatçylary diňe bir arhitektura ýadygärlikleri - öz döwrüniň iň belent desgasy bolan, beýikligi 60 metre barabar gadymy minarasy (XI asyr) ýaly ajaýyp ymaratlary bilen özüne çekýän taryhy ýadygärlikleriň toplumy bolmak bilen çäklenmän, eýsem musulmanlar üçin zyýarata gelinýän keramatly toprakdyr. Köneürgenjiň beýik şahsyýetleri halkyň hakydasyndan öçmän, olaryň ýadygärlikleri bu keramatly şäherde dürli döwürlerde bina edilen aramgähleriň gaýtalanmajak arhitektura keşbinde sungat eseri hökmünde saklanyp galypdyr. Il arasynda „Üç ýüz altmyş öwlüýä“ diýlip atlandyrylýan, Nejmeddin Kubranyň musulman düýäsiniň köpçülikleýin zyýarat merkezine öwrülen keramatly toplumyny hem olaryň hataryna goşmak bolar.

- Atamyrat şäheri (ozalky Kerki) – gadymy ady Zemm bolup, Amyderýanyň kenarynda ýerleşipdir (Lebap welaýaty). Zemm hakyndaky iň irki ýatlamalar VII asyryň başlaryna degişlidir. Şäherde arheologik ýadygärlikleriň ikisinyň harabalygy saklanyp galyp, olaryň biri 1917-nji ýyla çenli kerki beginiň galasy hökmünde hyzmat eden „Begiň galasy“, ikinjisi bolsa kuşan-sasanidler döwründe hem bar bolan „Rus galasy“-dyr. XIX asyryň aýaklaryna bu ýerden tapylan altyn we kümüş teňňeleriň arasynda sasanidler şasy Warahra Bäşinjiniň (biziň eýýamymynyň 420-438-nji ýyllary) kümüş teňňeleri hem bardyr. Gadymy Zemmiň iň görnükli ymaratlaryna Astana Babanyň (birnäçe asyrlaryň dowamynda bu täsin desgalar toplumynyň ençeme gezek durky täzelenip, onuň bilen ýanaşyk goşmaça desgalar gurlandyr) we Alamberdaryň (Demirgazyk Horasanyň saklanyp galan desgalarynyň iň irisi) mawzoleýleri degişlidir.

- Gadymy Dehistan (Balkan welaýaty) – takmynan biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda dörändir. Orta asyr Dehistanynyň iri ýadygärligi bolan Misserian şäheri Horezm şalarynyň hökümdarlygynyň gülläp ösen döwrüni başdan geçirýär. Dehistanyň şäher medeniýetiniň juda ösen derejede bolandygyna rejeli, suw üpjünçiligi we lagym ulgamlary, hammamlary, köprüleri we şuňa meňzeş desgalary bolan jebis ýaşaýyş jaýlarynyň yzlary güwä geçýär. Dehistanda mongollardan has irki döwre degişli bolan medrese hem bolupdyr.

- Gadymy Sarahs (Ahal welaýaty) – Tejen derýasynyň ýokary başyndaky gadymy şäher. Sarahs oazisine göçülip gelinmegi eneolit döwründe (biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllyk) başlanýar. Özüniň bar bolan tutuş taryhynda Sarahs gülläp ösüş we pese gaçyş döwürleriniň ençemesini başdan geçirdi.

Ol hemişe döwlet gurluşlaryny häli-şindi çalşyp duran (Ahemenidler imperiýasy, Grek-Baktriýa şalygy, Parfiýa imperiýasy, Sasanidler imperiýasy, Tahiridler döwleti, Gaznalylaryň we Seljuklaryň imperiýalary we beýlekiler) sebitiň iň ähmiýetli we esasy şäherleriniň biri bolupdyr. Sarahsa şan-şöhrat getiren esasy zat – XI-XII asyrlarda hereket eden, tutuş Orta Gündogarda ýeke-täk arhitektura mekdebidir. Sarahsly gurluşykçy ussalaryň meşhurlygy juda uly bolup, özboluşly desgalary gurdurmak üçin olary Eýranyň we Merkezi Aziýanyň dürli şäherlerine çagyrypdyrlar.

Türkmen topragy häzir hem arheologlaryň, taryhçy-gündogarşynaslaryň aýratyn ünsüni özüne çekýär, sebäbi ol öz goýnunda açylmadyk syrlaryň giden tapgyryny saklap otyr. Bu gadymy topragyň medeni we taryhy ýadygärliklerini öwrenmek üçin entek hem onýyllyklaryň ençemesi gerek bolar.

Türkmenistanyň behişdi bedewleri

„Garagumuň guşluk tarapynda, Köpetdagyň gerişleriniň asmana galýan çetinde Ahal düzlüginiň inçejik zolagy dag etegine ýazylyp gidýär. Bu ýeri baş öwredilen atlaryň iň gözeli, iň gadymysy bolan ahal-teke atlarynyň mekanydyr. Gelip çykyşy orta aziýa düzlüginiň gadymyýet çuňluklaryna, Nusaýyň we Merwiň ötüp giden şöhratly geçmişine direýän bu atlar rowaýatlardaky „behişdi bedewlere“ degişlidir. Çarhy pelek beýik-beýik şalaryň, gerçek-pälwanlaryň möwrütini ötürip, sarsmaz galalary, depseň-deprenmez baýlyga eýe bolan şäherleri harabalyga öwürdi. Emma ähli zada erkini ýöreden Zaman Şa şöhratly geçmişiň janly ýadygärligi – ahal-teke bedewini çaňa garyp bilmedi“ – diýip, türkmen atlarynyň ahal-teke tohumy barada ýazdylar.

Ahal-teke bedewiniň kaddy-kamaty şeýle bir üýtgeşik welin, hat-da atlaryň beden gurluşynyň nähili bolmalydygy barada ählumumy ykrar edilen düşünjelere hem çapraz gelýär we özüniň adaty bolmadyk gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. Elbet-de, bu şeýle hem bolaýmaly, sebäbi ahal-teke bedewiniň kamaty müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, gözelligiň nepis nusgasyna öwrülendir.

Göräýmäge çepiksije bolan ahal-teke aty uzak aralyga çapyşykda adatdan daşary çydamlylyk görkezip, suwsyzlygy ýeňillik bilen ýeňip geçmegi başarýar. 1935-nji ýylda meşhurlyk gazanan türkmen atlylarynyň Aşgabat-Moskwa ýörişinde bu aralyk 84 günüň dowamynda, epgekli Garagum çöllügi bolsa bary-ýogy üç günüň dowamynda geçildi.

Ahal-teke aty juda buýsançly, diýseň duýgur jandar. Ol özi bilen höwrügen ýoldaşyny hiç wagt agyr günde taşlamaz, ýaralanan ýagdaýynda hem söweş meýdanyndan hökman alyp çykar.

Ahal-teke bedewiniň taryhy, arap şahyrynyň „Günbatar heniz buzluga bürenip ýatyrka Gündogarda saz dörederdiler“ diýip aýdyşy ýaly, rowaýata ýakyn bolan döwürlerden kök alyp gaýdýar. Adam tarapyndan baş öwredilen ilkinji at hut Gündogarda kemala geldi.

Ahal-teke atlarynyň ady Ahal düzlüginiň we bu atlary seýislän türkmen taýpasynyň ady bilen baglanyşykly. XX asyryň başlarynda hem ahally tekeleriň atyna ahal-teke aty diýipdirler.

Türkmenler atyny bezemek üçin kümüşini we beýleki gymmatbaha daşlaryny gysganman eçilipdirler. Türkmen atynyň bezegi şöhratly geçmişimiziň ýaňy bolup, häzirki döwürde diňe bezeg üçin ulanylýan bolsa, haçan-da bir wagtlar şol bezegler atyň boýnuny we döşüni jeňlerde tyg düşmeginden gorapdyr.

Kümüş bilen hakyk daşlary toý bezegi bolsa, ahal-teke atynyň boýnuna dakylýan, ujy doga salynýan tumarly, düýe ýüňünden işilen alaça bedewi gözden-dilden goramak üçin niýetlenendir.

Milletiň asyrlarboýy üsti ýetirilýän ruhy hazynasynyň ählisine bolşy ýaly, türkmenleriň ahal-teke bedewine bolan söýgüsi hem çäksizdir. Şoňa görä-de ahal-teke bedewiniň şekili Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň merkezinde ýerleşdirilendir. Ol ahal-teke tohumynyň 1999-njy ýyldaky dünýä çempiony bolan atyň - Ýanardagyň şekiline gabat gelýändir.

Ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan soň ilkinji ädimleriň biri hökmünde dünýäniň iň gözel aty bolan ahal-teke bedewiniň şöhratyny dikeltmek işine girişildi, Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp düzlükde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahal-teke atçylyk toplumy bina edildi. Munuň özi Merkezi Aziýa sebitinde iň iri atçylyk merkezidir. Toplumyň umumy meýdany 56 gektara barabar bolup, bu ýerde üç ýolçaly, ot we çäge düşekli (2000, 1800 we 1600 metrlik aralyklara) we 5 müň orunlyk münberi bolan aýlaw, tohumyň iň saýlama wekilleriniň sergisi üçin ýörite arena, şeýle hem atlaryň gezim meýdançasy ýerleşýär. Çapyşygyň netijesini dürs anyklamak maksady bilen ýolçanyň pellehanasynda surata düşürýän enjam göz öňünde tutulandyr.

Bu ýerde çapyksuwarlaryň klubuna hem doly enjamlaşdyrylan okuw otaglary we türgenleşik zaly bolan ýörite jaýlar bölünip berildi.

Toplumda baş öwredilýän atlar üçin has hem aýratyn şertler döredildi. Ahal-teke atlary üçin awtomatik usulda suwdan doldurylýan we suwy boşadylýan ägirt uly howuz guruldy. Birbada 300 sany aty saklamaklyga niýetlenen 6 sany athana bolsa ýörite howa çalşygy we zyýanly mör-möjeklerden gorag ulgamy bilen abzallaşdyrylandyr.

Häzirlikçe tutuş sebitde ýeke-täk bolan, iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan immuno-genetik barlamhana toplumyň buýsanjyna öwrüldi. Bu enjamlar atyň gelip çykyşyny galplaşdyrmak mümkinçiligini doly aradan aýyrýan, genom daktiloskopiýa usuly boýunça DNK barlagyny geçirmäge mümkinçilik berýär. Ýöriteleşdirilen mal lukmançylygy barlamhanasynda bedewleri bejermek üçin ähli şertler döredilip, hirurgiýa amallary we barlag otaglary, özboluşly rentgen we ultrases barlagy enjamlary atşynas lukmanlaryň hyzmatyndadyr.

Türkmen iti

Türkmen iti ýer ýüzündäki iň gadymy tohumlaryň biridir. Atillanyň ýolbaşçylygynda ýörişe çykan gunlar hem öz ýanlary bilen türkmen itini alar ekenler. Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän, bürünç eýýamyna (biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllyk) degişli bolan Altyndepeden bu itleriň süňki we hat-da palçykdan ýasalan heýkeljigi hem tapyldy. Bu iri göwreli, eňegi kuwwatly we burny gysga itler biziň günlerimize çenli düýbünden üýtgemän diýen ýoly gelip ýetipdir.

Bu itiň tohumy asyrlarboýy emeli we tebigy usul arkaly seçilip alnypdyr, ýagny çopanlar täze dünýä inen güjükleriň içinden iň dogumlylaryny we kellesi ulularyny tohumlyk üçin saýlap alypdyrlar. Türkmen alabaýynyň kemala gelmeginde tebigy seçim hem aýratyn rol oýnapdyr, sebäbi olaryň tutuş ömri meýdanda geçipdir. Bu itleriň sanynyň iň köp ýeri Türkmenistandyr, olaryň arasynda gytyk tüýli, berdaşly itler agdyklyk edýär. 90-njy ýyllarda türkmen itleri milli genji-hazynamyzyň sanawyna goşuldy.

Türkmen halysy

Türkmen halysy türkmen halkynyň ruhy çeşmesinden ylham alan gelin-gyzlarymyzyň şahyrana duýgularyndan dörän sungatdyr. Ynsan ruhunyň melhem çeşmesine eňegini basan sungat bolsa ölmez-ýitmezlige eýe bolýandyr.

Türkmenistanyň halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan halyçylyk sungatyny gorap saklamak diňe bir ykdysadyýet üçin däl, eýsem milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegini nesilden-nesile geçirmekde hem wajyp ähmiýete eýedir.

Halyçylyk sungaty halk arasynda giňden ýaýrandyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň aglaba bölegi eýýäm çagalyk döwründe haly dokamaklygy öwrenýär. Şunlukda türkmen halylary nesillerden-nesillere geçip, häzirki güne çenli her bir türkmen maşgalasynyň öýüni bezäp gelýär. Türkmen halylarynyň ahal-teke, beşir, ärsary, kerki, teke, ýomut we beýlekiler ýaly dürli görnüşli nusgalary bardyr.

Türkmen halysynyň taryhy asyrlaryň jümmüşinden kök urup gaýdýar. Italýan syýahatşysy Marko Polo özüniň XIII asyrda ýazan „Kitabynda“ türkmen topragynda dünýäde iň inçe we gözel halylaryň dokalýandygyny belleýär. Has soňrak ol halylar Renessans döwrüniň italýan suratkeşleriniň eserlerinde ebedileşdirilýär.

Türkmen halylary „Awestada“, meşhur Gomeriň, gadymy grek sene ýazuwçylary Alkmeniň we Geradotyň, hytaý taryhçylary Sim Sýanýanyň we Ban Gunýanyň eserlerinde, „Ramaýana“ we „Mahabharata“ atly gadymy hindi epiki poemalarynda, Ferdöwsiniň „Şanamasynda“, arap edebiýatynyň orta asyr ýadygärligi bolan „Müň bir gijede“, orta asyr ýazarlary Maksidiniň we Hudulal-Älemiň eserlerinde ýatlanylýar.

Türkmen zenanlarynyň sungaty ýurduň çäklerinden uzaklarda hem bellidir, türkmen halysyna diňe bir muzeýlerde däl, eýsem adamlaryň ýygnaýan hususy halylarynyň arasynda hem görmek bolýar. Aşgabatda türkmen halysynyň dünýäde ýeke-täk muzeýi hereket edýändir.

Bu muzeýiň iň gymmatly eksponaty – „Türkmen kalby“ atly, 193,5 inedördül metrlik, 1941-1942-nji ýylda dokalan mähnet halydyr.

1996-njy ýylda türkmen halyçylary umumy göwrümi 266 inedördül metre, agramy 550 kilograma deň bolan ikinji mähnet halyny dokadylar. Ol häzir Türkmenistanyň milli muzeýinde saklanylýar. Iki ýyl soňra üçünji mähnet haly hem dokalyp gutaryldy, umumy göwrümi 294 inedördül metre, agramy hem 1 tonna 105 kilograma barabar bolan bu haly häzir kaşaň Ruhyýet Köşgüni bezeýär.

Iň soýky – dördünji mähnet haly 2001-nji ýylda dokaldy. 301 inedördül metrlik bu halynyň agramy 1 tonna 200 kilograma barabar bolup, dünýäde iň uly el halysy hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi.

Nepis türkmen halylary özboluşly nagyşlary we ýokary hili bilen dünýä bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar.

Türkmen halylary Parižde we Monrealda, Leýpsigde we Brýusselde geçirilen abraýly halkara sergileriniň we ýyllyk satuw-bazarlarynyň sylaglaryna ençeme gezek mynasyp boldular.

Syýahatçylyk

Türkmenistanda syýahatçylyk hyzmatlary we sport ulgamy Türkmenistanyň syýahatçylyk we sport baradaky Döwlet komiteti tarapyndan dolandyrylýar.

Syýahatçylygy gurnamak üçin ugurdaş hyzmatlaryň giden ulgamy bolup, ol dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ähli oňaýlyklary bar bolan myhmanhanalardan, jemgyýetçilik iýmiti we durmuş hyzmatlary kärhanalaryndan, şeýle hem beýleki desgalardan ybaratdyr. Şol desgalaryň aglaba bölegi Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýär.

Bulardan başga-da Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, syýahatçylary çekmeklige niýetlenen deagalaryň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi:

- „Serdar ýoly“ – dag gerşiniň üstünden gurlan bu basgançakly ýollaryň uzynlygy 8 we 24 kilometre barabar bolup, olar dag gerişlerini synlap, sport gezimi bilen birlikde töweregi gurşap alan tebigatyň gözelliginden, arassa howadan lezzet almaga mümkinçilik döredýär;

- „Buzly köşk“ – yssy howaly ýurtda buzly meýdançany gurmak baradaky pikiriň özi hem örän täsin bolup, bu ýerde diňe Türkmenistanyň ýaşaýjylary däl-de, eýsem paýtagtyň myhmanlary hem dynç almagy gowy görýärler. Şeýle hem bu köşgüň gurulmagy bilen sportuň gyşky görnüşleri boýunça türgenleri taýýarlamaklyga mümkinçilik döredi;

- „Asma ýol“ arkaly Köpetdagyň ajaýyp landşaftyny synlamak bolýar.

Syýahatçylyk telekeçiliginde meşgul bolan işgärleriň taýýarlygyna we olaryň hünärini ýokarlandyrmaklaryna aýratyn üns berilýär.

Syýahatçylaryň baryp görýän söýgüli ýerleriniň ýene biri hem – millionlarça ýyllaryň dowamynda karbonat çökündilerinden emele gelen Köw-Ata karst gowagydyr. Ol Aşgabatdan 90 km günbatarda, Baharly etrabynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşendir.

Gowagyň uzynlygy 230 metr bolup, baş girelgeden aşaklygyna çuňlugy 65 metr, ini 50 metr, beýikligi bolsa 15-26 metr aralygyndadyr. Häzirki wagtda girelgeden ýerasty köle çenli 276 sany basgançak arkaly düşülýär. Gowagyň meýdanynyň uly bölegini ýokary bejeriş häsiýeti bilen belli bolan köl eýeleýär. Onuň uzynlygy 72 metr, ini 30 metr, ortaça çuňlugy bolsa 10 metre barabardyr. Kölüň suwunyň ýylylygy bütin ýylyň dowamynda bir durkunda, ýagny +33°C - +37,5°C aralygynda saklanýar, suwuň kükürtli wodorod agdyglyk edýän düzüminde dürli himiki elementleriň ençemesi bardyr.

Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginde, Amyderýanyň sag kenarynda, Pamir-Altaý dag ulgamyna girýän Gissar gerşiniň şahasy bolan Köýtendagda hem täsin tebigy ýadygärlikleriň ençemesi bardyr. Köýten dagy iň gadymy daglaryň hataryna degişli edilip, bu ýerde gumdaşlar we hek daşlary bilen birlikde Ýura döwrüniň dag jynslaryna hem duş gelinýär. Köýtendagda özboluşly tebigy desgalar, ýagny 28 metrlik beýiklikden aşaklygyna gaýdýan şaglawukly, egrem-bugram ýolly Umbardere, kükürt wodorodly Gaýnar-Baba çeşmesi, Kyrk-Gyz jülgesi, bu ýerde bitýän unaby hurmasy bilen baglylykda atlandyrylan Unaby jeňňeli, Köýteniň süýji suwly karst köli ýerleşendir. Mundan başga-da Köýtendagyň karst oýtagynda ýerleşen ýerasty kölde dünýäniň başga hiç bir ýerinde duş gelmeýän, gözleriniň ýoklugy üçin „Köýteniň kör bekresi“ diýlip atlandyrylan, örän täsin gowak balygy ýaşaýar.

Hojapil-Ata şäherçesiniň golaýynda ýerleşen, Ýura döwründe (150 million ýyl mundan ozal) ot iýip ýaşan, şeýle hem ýyrtyjy bolan gadymy süýrenijileriň 2500-isiniň aýak yzlary saklanyp galan dagyň üstündäki Dinozawrlaryň düzlügi syýahatçylarda aýratyn gyzyklanma döredýär. Uly dinozawrlaryň aýak yzlarynyň diametri 70-80 santimetre barabar bolup, ädimleriniň arasy 1,5 metre ýetýär. Şunlukda olaryň boýlarynyň 8-12 metre ýetenligini, ininiň 5 metr töweregi, agramynyň bolsa 5-10 tonna aralygynda bolanlygyny çaklamak bolýar.

Ýöne, rowaýata görä Temirleňiň gubury üçin alabeder hakyk daşy gazylyp alnan Garlyk gowagy Köýtendagyň iň täsin ýerleriniň arasynda hem naýbaşysydyr. Gapgotan gowagy gipsden, kalsitdan, agatdan we argonitdan emele gelen stalaktitler we stalagmitler bilen bezelen zallaryň toplumyndan ybaratdyr. Olaryň ertekilerdäki ýaly we şahyrana atlary bar: Aýazbabanyň we Akpamygyň otagy, Meduzanyň otagy. Meşhur Ertekiler zaly bolan Gülşirin gowagy dünýäde iň gözel gowaklaryň biridir. Garlygyň gowaklary dürli görnüşdäki magdanlaryň biri-birine meňzemeýän, juda üýtgeşik şekilleri bilen gaýtalanmajak tebigy täsinlik hökmünde bütin dünýäde ykrar edildi.