• Türkmençe
  • Türkçe
  • English
  • Русский

Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça baş ugry: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna

I

Eger öz öňüňde anyk maksady goýup, şol maksada ýetmek üçin bellenen ugur boýunça gyşarnyksyz öňe gitseň, üstünlik gazanjakdygyňa doly ynanýaryn. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ony özüniň ösüşiniň tutuş tejribesi bilen tassyklaýar. Soňky döwürde ýurdumyz çalt depginler bilen ösýär. Biziň ýurdumyz öz halkynyň gujur-gaýratyna we ruhubelentligine daýanyp, ertekileriň gahrymany äpet pälwan ýaly bolup, päsgelçilikleri we kynçylyklary çalt ýeňip geçýär.

Bir söz bilen aýdanymyzda, hakykatda amala aşyrylan beýik işler olara ünsli we jikme-jik garamagy talap edýär. Dünýä mundan beýläk öňe gitmegiň ýoluny saýlap almak meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ösüşiň täze amatly nusgasy, şol sanda bütin dünýäde dowam edýän ykdysady çökgünlikden çykmagyň ýollary yhlas bilen gözlenýär. Türkmenistan hem bu işe işjeň çekilip, özüni deňhukukly gatnaşyjy we hyzmatdaş, şol sanda dünýä bileleşigi tarapyndan zerur hasaplanýan üç esasy şerti: ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş hökmünde tanatdy.

Men ýurda ýolbaşçylyk edip başlan ilkinji günümden özümiň baş wezipämi Garaşsyzlygyň täze sepgitlerine ýetmek üçin milleti birleşdirip, ruhlandyryp bilýän maksady emele getirmekde gördüm. Bu sepgitlere ýetmek boýunça maksady indi eýýäm ýaş döwletiň diňe içerki meseleleri däl-de, döwrüň ösen we ösýän ykdysadyýetli, demokratik ýörelgeleri kämilleşen we demokratiýa ýoluna täze gadam basan ýurtlaryň öňünde goýan täze örän möhüm wezipeleri talap edýärdi. Türkmenistan özüniň ägirt uly serişde mümkinçiliklerinden, geostrategik amatly ýerde ýerleşýändiginden, hemişelik Bitaraplyga esaslanýan syýasy ugrundan we umumydünýä siwilizasiýasynda görnükli yz galdyran müňýyllyk taryhy bolan halkyň ruhy taýdan öz maksatlaryny durmuşa geçirmeginiň zerurdygyndan ugur alyp, dünýä ýörelgeleriniň täze ulgamyna goşulmalydy we içki ösüşini dowam etmelidi.

Men döwrüň nähili wezipeleri öňe çykarýandygyna garamazdan, olary milleti bitewileşdirýän ideýasyz, halkyň tagallalaryny, gujur-gaýratyny herekete getirmän, oňa mahsus bolan döredijilik mümkinçiliklerini, döretmek ukyplaryny dikeltmän çözüp bolmajakdygyna oňat düşünýärin. Žurnalistleriň Täze galkynyş diýip atlandyran eýýamy gelip ýetipdi. Bu eýýamyň ady hem täze döwrüň wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat etdi. Ähli zady ruhy gymmatlyklary, däp-dessurlary, köne we täzeçe tejribäni, maksatlary we wezipeleri, usullary we serişdeleri täzeden dikeltmek zerurdy. Bir söz bilen aýdylanda, häzirki döwürde «innowasiýa» diýlip atlandyrylýan, örän giň manyny öz içine alýan düşünjede göz öňünde tutulan ähli zady durmuşa geçirmelidi.

Şunuň bilen bir hatarda milli ideýany durmuşa geçirmegiň usuly, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň we onuň zähmeti bölmek boýunça dünýä bazarynda bäsdeşlikde artykmaçlyklaryny döretmegiň guraly hökmünde döwletiň strategiýasyny anyk kesgitlemek zerurdy. Türkmenistan «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary yglan etmek bilen, bu örän gysga we manysy boýunça ähli zady öz içine alýan çagyryşda jemgyýetçilik ösüşi babatda häzirki zaman ideýasy baradaky garaýşy, bu işe adam şahsyýetini çekmek baradaky çagyryşy jemledi. Şeýle edilmedik ýagdaýynda, islendik milli ideýa oýlanyşykly düzülmedik maksatnama ýaly durmuşa geçmän galar.

Eger biziň ýurdumyzyň ynamly öňe gitmeginiň esasy syry gözlense, ony täze hakyky ýagdaýlaryň we halkyň asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessurlarynyň galtaşýan ýerinden, hususan-da, olaryň döwletiň syýasy we ykdysady hasaplamalarynda kesişýän ýerinden tapmak mümkindir.

Milletiň döretmek mümkinçiliklerine ynam bizden bu strategiýany hiç zady: uly zady hem, kiçi zady hem, esasy zady hem, ikinji derejeli zady hem, uzak möhletli meseläni hem, häzir we şu gün çözülmegini talap edýän gündelik meseläni hem ünsden düşürmän bir wagtda, esasy ugurlarda we beýleki ugurlarda düzmegi talap edýär. Biziň öňümizde ahyrky netije, ýagny diňe bir öz zähmetiniň önümini sarp edýän däl, eýsem bu önümi bilimleriň we hiliň täze derejesinde döredýän, doly manysyndaky durmuşda ýaşaýan, maşgala ojagyny döredýän, çagalaryny terbiýeleýän, bilim almaga we medeniýete mümkinçilik alýan, bir söz bilen aýdylanda, halkyň ruhy basgançaklarynda ähli zatdan ýokarda durýan gymmatlyklary döredýän halk üçin niýetlenen döwlet dolandyryş ulgamyny mümkin bolan derejede netijeli sazlamak wezipesi durdy.

Meseläniň hut şeýle görnüşde goýulmagy bu meseläni Konstitusiýa derejesinde berkitmegi talap edýärdi. Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň täze redaksiýasynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy barada bellenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda şeýle bellenmegi hem her bir adamyň öz hukuklaryna we borçlaryna çuňňur esaslandyryp hem-de gyzyklanyp garamagyny üpjün edýän raýat jemgyýetini döretmegiň wezipeleri bilen bagly mundan beýläkki ädimleri öňünden kesgitledi. Şonuň bilen birlikde, häzirki zamanyň saýlawly demokratiýasy türkmen halkynyň gadymy köklerden gelýän demokratizminde, häzirki zaman siwilizasiýasy ýoly bilen ösüşiň gymmatlyklaryny kabul etmäge taýýarlan demokratizmde özi üçin sagdyn, möhüm esaslary tapdy.

Elbetde, türkmen demokratiýasy entek ýaş, ol entek hakyky manysynda berkemeli we pugtalanmaly, ýöne hakyky halk häkimiýetini, döwletiň hyzmatdaşy hökmünde raýat jemgyýetini döretmegi üpjün etmek boýunça ädilýän ädimler ilerlemek we adamzat ösüşiniň ugry boýunça hereketiň synagdan geçen ýoly bilen öňe ädim ädilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan ýagdaýlaryň we üstünliklere tarap ädimleriň toplumyny utgaşdyrýan iň öňdebaryjy dünýä tejribesini özüne siňdirip, häzirki zaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygynyň baýlyklarda däl-de adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we olaryň ýurdy ösdürmek üçin edýän tagallalaryndadygyny ilkibaşda özüne, soňra bolsa beýlekilere subut edýär. Şu ýerden hem ýagdaýlaryň toplumy, ýa-da başgaça aýdylanda, diwersifikasiýa çig-mal hökmünde-de, eksporta niýetlenen önüm hökmünde-de jemi milli önümi öndürmäge, şeýle hem ony «adam faktoryny» nazara alyp, paýlamaga ulgamlaýyn gurluş emele getirip çemeleşmä geçýär. Şonuň bilen birlikde, yzyndan ýetýän nusga däl-de, döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasynyň milli we ählumumy institutlaryň, maýanyň we önümiň bazarynyň, döwlet we hususy pudagyň deň ölçegli gatnaşygynda aňladylýan täze formulasyny teklip eden postindustrial ösüş ileri tutulýar. Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistan öz ykdysady nusgasyny düzmek bilen, öz ykdysadyýetini dünýä hojalygyna amatly girizmek arkaly milli bähbitleri goramagy esasy mesele edip goýdy.

II

Biziň ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak we onuň peşgeşlerinden rejeli peýdalanmak ukyplaryny kämil derejä ýetiripdirler, öz durmuş ýörelgelerini iň ýokary derejä çenli kämilleşdiripdirler. Bu bolsa olara mähriban topragymyzda ähli işleri ussatlarça alyp barmakda, maddy gymmatlyklary döretmekde, Beýik Ýüpek ýolunyň hereket etmegine işjeň gatnaşmakda, öz döwrüniň wezipeleriniň mynasyp çözgütlerini tapmakda ýardam beripdir.

Biziň döwrümizde öňümizde durýan wezipeler müňlerçe esse çylşyrymlaşdy, onuň köp sanly sebäpleri bar. Bu sebäpler ylmy-tehniki pikiriň örän ýokary derejede ösmegi, onuň bilen şertlendirilen tehnologiýa babatda ýokary ösüşler we siwilizasiýanyň täze ýörelgeleri we mümkinçilikleri netijesinde, dünýäniň hereketiniň täze ugurlary bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem bu adamzadyň ýaşaýşyna salynýan täze wehimler we howplar sebäpli dörän ählumumy howpsuzlyk meselesi bilen baglanyşyklydyr. Biziň ýurdumyz bilen baglanyşykly we bizde ägirt uly energiýa serişdeleriniň bardygy sebäpli, bizi borçly edýän anyk ýagdaýda bu adamlaryň öndürijilikli zähmete islegine ýaramaz täsir edýän ep-esli derejede taryhy üzňeligi ýeňip geçmekdir.

Medeniýet hem, ykdysadyýet hem hemişe millidir we ykdysadyýet düşünjesine döwlet gurluşy hem, medeni institutlar hem, medeni däp-dessurlar hem girýär diýen garaýşy goldap, men şu ýerden gelip çykýan islendik ykdysadyýetiň, aýratyn hem geçiş döwrüni başdan geçirýän ykdysadyýetiň özgerdilmegine adam ölçegleri nukdaýnazaryndan garalmalydyr diýen pikire eýerýärin. Bu nämäni aňladýar? Bu jemgyýetde yglan edilen özgertmeleriň hiç biriniň adamlaryň olary durmuşa geçirmäge aňly-düşünjeli gatnaşmadyk, olary goldamadyk we adamlaryň durmuş taýdan goralmadyk ýagdaýynda amala aşyrylyp bilinmejekdigini aňladýar.

Biziň halkymyza ýokary derejede zähmetsöýerlik mahsusdur. Ýöne esaslandyrylan, päk ýürekliligiň emele gelen ýörelgeleri we gurşap alan tebigy giňişligiň ähli şertleri bilen şertlendirilen zähmetsöýerlik mahsusdyr. Biziň halkymyz öz döwründe ýaşaýan gurşawyny oýlanyşykly çemeleşip, maddy önümleri üznüksiz öndürmäge oňaýly edip we şonuň bilen birlikde ruhy we ahlak başlangyçlary bilen dolduryp, ukyplylygyň, iş başarjaňlygyň täsin gudratyny görkezipdir. Öz taryhyny adamzat siwilizasiýasynyň dörän döwründen alyp gaýdýan beýleki halklar ýaly, türkmen halky hem öz durmuş-medeni nusgasyny döretmekde uly üstünlikler gazanypdyr. Bu nusga häzirki döwürde-de halkymyzyň maşgala institutynda we ruhy däp-dessurlarynda saklanyp galypdyr.

Galkynyşyň tejribesi şol däp-dessurlary gönüden-göni täze döwre geçirmegi däl-de, olaryň dikeldilmegi üçin bütinleý täze şertleri öz ykdysady nusgamyzy onuň ähli tebigy-geografik we durmuş-pisihologik taraplary bilen bilelikde emele getirmek arkaly döretmegi talap edýärdi. Globallaşmak şertlerinde öz ykbalyňy kesgitlemek meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolup, biz hut şol nusgada özümiz üçin dünýäniň köpdürlüligi we gatnaşyklaryň sebitleşmegi arkaly öz maksatlarymyzy durmuşa geçirmegiň goşmaça mümkinçiliklerini gördük.

Ähli ugurlarda: önümçilik, durmuş we gumanitar ugurlarda amala aşyrýan özgertmelerimiziň üsti ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň alyp barýan işlerine mümkin bolan derejede gatnaşmagyna gönükdirilen işjeň daşary syýasy we daşary ykdysady strategiýamyz bilen ýetirildi. Biziň Bitaraplyk syýasatymyz diňe bir alyp barýan daşary syýasatymyzda netijeli ýörelge bolman, eýsem sebit derejesinde-de, dünýä derejesinde-de netijeli ýörelgä öwrüldi.

Ýurdumyzyň içinde amala aşyrylýan işler ileri tutulýan ugurlary kesgitlemekden başlandy. Bu ileri tutulýan ugurlar ýurdumyzy ösüşiň häzirki zaman derejesine çykarmak boýunça strategik maksatnamalaryň ählisiniň esasynda goýuldy. Biz pudaklar boýunça we umumymilli döwlet maksatnamalarynyň önümçilik harytlarynyň we hyzmatlarynyň gurluşyna, olaryň özgerýän jemgyýetçilik talaplaryna has doly laýyk gelmegini üpjün edip, olara düýpli täsir edýändigi baradaky ýörelgeden ugur aldyk.

Esasy kynçylyk maksatnamalaryň paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde, saglygy goraýyşda we bilimde, senagatda we ulaglar pudagynda, gurluşykda we obada nähili derejede geçirilýändigine garamazdan, şol maksatnamalaryň ählisi üçin ulanyp boljak amatly hil standartlaryny emele getirmekden ybaratdy. Ýurdumyzyň günbatarynda uzakdaky sebitlerde özgertmeleriň başyny başlap we köpdürli tebigy serişdeleriň örän uly gorlaryna eýe bolan Esenguluda degişli ulgamlary bolan häzirki zaman etrabynyň düýbüni tutup, biz öz öňümizde-de, tutuş halkymyzyň öňünde-de örän ýokary sepgitlere ýetmegi maksat edip goýduk, şol sepgitlere ýetmek bolsa, biziň umumymilli maksadymyzdyr.

Biziň öňümizde durmuşa geçirilmeli, başy başlanmaly ägirt uly işler durdy. Bu işler enjamlary we maşynlary däl-de, ilkinji nobatda, adamlary talap edýärdi. Bu beýik işler göz öňünde tutulan maksatnamalaryň ählisini durmuşa geçirmäge, ykdysadyýetimizde düýpli gurluş özgertmelerini geçirmäge, ykdysadyýetimizi güýçli depginler bilen yzygiderli ösdürmegiň ýoluna düşürmäge, dolandyryş ulgamyny we hojalygy ýörediş usullaryny kämilleşdirmäge ukyply adamlary talap edýärdi. Başgaça aýdylanda, biziň öňümizde ýurdumyzda döwletimizi ýakyn geljekde ýokary ýaşaýyş-durmuş derejeli, ilatynyň esasy bölegi bilimli-sowatly we hünär taýdan medeniýetli döwlete öwürmek üçin belent sepgitlere çalt ýetirmäge ukyply medeni-hünär derejesini dikeltmek, emele getirmek wezipesi durdy.

Häzirki zaman ykdysadyýeti baradaky garaýyş ösüşiň, ýokary göterilişiň ykdysadyýetiň ösüşiniň şol medeniýetiň gymmatlyklary bilen sazlaşan halatynda başlanýandygyny tassyklaýar. Biz ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy baradaky ýörelgäni yglan edip, önümçiligi ösdürmegiň esasy serişdelerini adam faktoryndan we adamlaryň döwletiň ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmekde umumy mümkinçiliklerinden gözledik.

Öz nobatynda, adam faktorynyň hil taýdan ýokary derejesine ýetmek degişli durmuş gurluşyny talap edýärdi. Bu bolsa ösen döwletde täze ylmy we tehniki-tehnologik binýady bolan ykdysadyýetiň hakyky pudagynyň hasabyna üpjün edilýär.

Ýurdumyzda baş maksatnama hökmünde bilim ulgamyny, şol sanda akademiýany, ýokary, hünärmen-tehniki we orta bilim mekdeplerini düýpli özgertmek boýunça maksatnamanyň yglan edilmegi tötänleýin däldir. Ýurdumyzda hakyky köşk ýaly çagalar baglary, mekdepler gurulýar, olarda kompýuter otaglary döredilýär we iň häzirki zaman okuw maksatnamalary işlenip taýýarlanýar.

Biziň ýurdumyza halkyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply, ony barha çylşyrymlaşýan dünýäde öz yzyna düşürip öňe alyp gitjek ýokary hünärli işgärler örän zerur. Biz geljekki zerur hünärmenleri öz ýurdumyzda-da täze ýokary okuw mekdeplerini açyp, taýýarlaýarys, şeýle hem daşary ýurtlarda-da zerur hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns berýäris. Her ýyl ýaşlarymyzyň ýüzlerçesi okuwa iberilýär. Daşary ýurtlara iberilýän ýaşlaryň sany hemişe yzygiderli artar.

Biz Ylymlar akademiýasyny, Ýokary attestasiýa komitetini, ähli ugurlar boýunça aspiranturalary we dokturanturalary täzeden döredip, ýurdumyzyň ylym ulgamyny özgertmegiň, ony hakyky önümçilik güýjüne öwürmegiň toplumlaýyn wezipelerinden ugur alyp, ylmy işgärleri hemmetaraplaýyn taýýarlamagy öz öňümizde maksat edinip goýýarys.

Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy öwretmek bilen çäklenmän, olara bilimleri söýmegi öwretmegi, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi göz öňünde tutýarys. Bu wezipe döwletimiziň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biridir. Biziň ata-babalarymyz öz saglygyna Allanyň beren iň uly baýlygy, gymmatlygy hökmünde garap, onuň hemişe gadyryny bilipdirler. Olar saglygy gorap saklamagyň häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgeleri diýlip atlandyrylan ähli zady öz içine alýan ulgamyny döredipdirler. Bu saglygy gorap saklamak ulgamyna oýlanyşykly iýmitlenmek bilen bir hatarda, çagalaryň we ýetginjekleriň bedenini ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek hem giripdir. Ata-babalarymyz çagalaryň we ýetginjekleriň bedenini halkyň döreden köp sanly oýunlary we sport ýaryşlary arkaly berkidipdirler.

Biz umumymilli «Saglyk» maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirip, iň häzirki zaman saglyk merkezlerinden başlap, çagalar dynç alyş-sagaldyş toplumlaryna we sport mekdeplerine çenli gurup, degişli infrastrukturany döredip, ähli ýerde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça uly işleri alyp barýarys.

«Saglyk» maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň eneligi we çagalygy goramak, keselleriň öňüni almak boýunça saglygy goraýyş, maşgala lukmanlarynyň instituty ulgamlaryna döwlet tarapyndan ägirt uly goldaw berilýär.

Ata-babalarymyzdan bize örän ýokary ruhy medeniýet, şol sanda jemgyýetde özüňi alyp barmagyň we gözellik baradaky garaýyşlaryň medeniýeti miras galypdyr. Ak ýürekli işlemegi başarýan halkymyz mynasyp dynç almagy hem başarypdyr, öz milli baýramlaryny ýokary derejede ruhubelentlik bilen şatlyk-şagalaňa besläp, belläp geçipdir. Häzirki döwürde biziň wezipämiz kuwwatly döredijilik prosesiniň halkyň ruhy taýdan galkynmagy arkaly berkidilmegini üpjün etmekdir. Bu galkynyşyň maddy esasyny döwlet tarapyndan höweslendirmegiň dürli görnüşlerini, şol sanda sungatlar boýunça hünärleri ösdürmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak üçin umumymilli bäsleşikleri, festiwallary we gözden geçirişleri geçirmek boýunça çäreler arkaly goldamak zerur.

Durmuş meselelerini, şol sanda medeniýet, saglygy goraýyş ýa-da ýaşaýyş jaýlary bilen baglanyşykly durmuş meselelerini çözmegiň köp möçberde serişdeleri talap edýändigi düşnüklidir. Elbetde, durmuş gurluşynyň hem esasynda oýlanyşykly durmuş-ykdysady syýasat bilen üpjün edilen önümçilik düzümi bolmalydyr. Umuman, bu biziň milli nusgamyzdyr. Onuň ahyrky maksady durmuş maksatlaryna gönükdirilen, garyşyk görnüşli ösen bazar ykdysadyýetini döretmekdir, ilatyň ähli gatlaklaryna durmuş kepilliklerini üpjün edýän we hojalygy ýöredijileriň ählisini ýokary ahyrky netijeleri gazanmaga gönükdirýän ösen döwlet pudaklary bolan, netijeli telekeçilikli we häzirki zaman bazar infrastrukturaly, täsirli makroykdysady düzgünleşdirijili ýokary netijeli ulgamy ýuwaş-ýuwaşdan we tapgyrlaýyn emele getirmekdir.

Biziň maksatlarymyz gysgaça şeýle beýan edilip bilner: «Demoktarik bazar özgertmeleri – her bir maşgalanyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy – kuwwatly döwlet».

III

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginleri hem biziň dogry ýol bilen barýandygymyzy tassyklaýar. Biziň ýurdumyzyň ähli ýerinde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyz kommunikasiýalar we gazgeçirijileri bilen gurşalandyr. Şeýle gazgeçirijileriň biri eýýäm Hytaýa çenli baryp ýetip, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki nyşanyna öwrüldi. Uzynlygy boýunça dünýäde iň uzyn bu gazgeçiriji Özbegistanyň, Gazagystanyň çäklerinden geçip, tebigy gazy arassalamak, gaýtadan işlemek we saklamak boýunça iň iri önümçilikleriň başyny başlap, sebitleýin infrastrukturanyň etalonyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hakyky pudagynda senagatyň esasyny ýangyç-energetika toplumy (ÝET) düzýär. Häzirki döwürde bu toplum doly döwrebaplaşdyrylýar. Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek işi güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Bu ýerde önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň şertlerinde dünýäniň iň iri kompaniýalary energiýa serişdelerini çykarmak bilen meşgullanýarlar. Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisinden başga-da, onuň bilen bir wagtda diýen ýaly, Türkmenistan–Eýran gaz geçirijisiniň ýene-de biri gurlup, ulanmaga berildi.

Gurluşygyň depginlerini güýçlendirmek, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply gurluşyk toplumyny emele getirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda ony gurluşyk materiallaryny öndürýän ýerli önümçilik pudaklaryny ösdürmek arkaly pugtalandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Ak mermere beslenen ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş kwartallarynyň gurulmagy Aşgabadyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Meniň ýokarda belläp geçişim ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde iň häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary, orta we ýöriteleşdirilen mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, ylmyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylyp, enjamlaşdyrylan saglyk merkezleri, hassahanalar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherjigi, aýlawlar, teatrlar, medeniýet köşkleri, muzeýler, kitaphanalar gurulýar.

Gurluşyk toplumynyň güýçli depginler bilen ösdürilmegi ýyl boýunça alnanda jemi goşulan bahanyň möçberleriniň çalt artmagyna itergi berdi. Mysal üçin, 2008-nji ýylda onuň möçberleri 3 esse, 2009-njy ýylda bolsa, 2,9 esse artdy.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we maýa goýum işiniň depginini çaltlandyrmak ýörelgelerine laýyklykda, soňky ýyllarda ýurdumyzda sement, karbamid, kaolin we metallurgiýa zawodlary gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyz üçin bütinleý täze pudak bolan dag-magdan pudagyny döretmäge hem badalga berildi. Dokma toplumlarynyň gurluşygy hem dowam etdirilýär. Umuman, bu pudagyň kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň önümleriniň dünýä bazarynda mynasyp bäsdeşligi döretmegine mümkinçilik berdi. Gaz turbinaly elektrik stansiýalary, azyk pudagynyň kärhanalary we ýurdumyzy öz möçberleri boýunça ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwren köp sanly beýleki desgalar gurulýar.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny özleşdirmek işi hem çalt depginler bilen amala aşyrylýar. Bu ýerde gurulýan desgalar bu zolakda dünýä derejeli şypahanany döretmek göz öňünde tutulyp gurulýar. Bu şypahana ýakyn ýyllarda hökman dörediler we ol dynç alyş we syýahatçylyk industriýasyny ýokary derejä galdyrar.

Bellenen şu wezipelere laýyklykda, Türkmenbaşy şäherinde iň häzirki zaman howa menziliniň toplumy gurulýar we şäherdäki deňiz menziliniň durkuny düýpli täzelemek göz öňünde tutulýar. Umuman, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda häzirki zaman ulaglar we kommunikasiýalar infrastrukturasy döredildi. Tejen–Sarahs–Maşat, Aşgabat–Garagum–Daşoguz, Türkmenabat–Atamyrat demir ýollary guruldy. Geljekde bu demir ýollar daşary ýurtlaryň demir ýol ulgamlary bilen birleşdiriler. Häzirki wagtda täze Uzen (Gazagystan)– Bereket–Etrek (Türkmenistan)– Gorgan (Eýran) demir ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar. Geljekde bu demir ýol Pars aýlagyna we Hindi ummanyna çenli uzalar. Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat–Kerkiçi demir ýoly gurlup, ulanmaga berildi. Bu Merkezi Aziýa sebiti we goňşy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň içindäki awtomobil ýollary hem halkara standartlaryna laýyk getirilýär. Olaryň günbatardan-gündogara we demirgazykdan-günorta çenli umumy uzynlygy 1,7 müň kilometre barabardyr.

Biz obany özgertmäge aýratyn üns berýäris. Biziň ýurdumyzyň oba hojalygyny we agrosenagat toplumyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän çärelerimiz soňky ýyllarda ýurdumyzyň ilatynyň azyk önümlerine bolan islegleriniň esasy bölegini öz serişdelerimiziň, önümlerimiziň hasabyna üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda ýurdumyza getirilýän önümleriň umumy möçberinde azyk önümleriniň paýy 5 göterime barabardyr we bu görkeziji yzygiderli peselýär. 2008-nji ýylda bu görkezijiniň 9 göterime golaý bolandygy hem muny aýdyň görkezýär.

Döwlet hem-de hususyýetçilik ulgamlarynyň ysnyşykly arabaglanyşygynyň yzygiderli berkidilmegi netijesinde, ýurdumyzda iri toplumlar, fermalar hem fermerçilik hojalyklary peýda bolýar. Guşçulykda uly öňegidişlikler gazanyldy. Eýýäm ýakyn geljekde ilatymyzyň bu pudagyň önümlerine bolan islegi doly kanagatlandyrylar. Ýurtda maldarçylygyň beýleki pudaklaryny, şeýle-de balyk hojalygyny durnukly hem sazlaşykly ösdürmek üçin zerur bolan ygtybarly binýady döretmek möhüm wezipeleriň biri hökmünde bellenildi.

Suwaryş suwy bilen üpjün etmek bagly meseleleriň oňyn çözülen ýagdaýynda, ýurdumyzyň amatly tebigy-howa mümkinçilikleri we ýeterlik derejede bar bolan zähmet serişdeleri ýurdumyzda miweli, gök önüm, bakja, ir-iýmiş hem hoz ekilýän meýdanlary ep-esli giňeldip, bu önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň zeýtun, nar, injir, hurma, üzümiň terligine iýilýän hem kişmişlik görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge amatly bolan subtropik zolagyny özleşdirmegiň uly geljegi bar.

Ýokary hilliligi hem-de ekologiýa taýdan ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan bu önümleriň dünýä bazarlarynda ýokary derejedäki bäsdeşlige ukyply boljakdygyna arkaýyn bil baglasa bolar.

Ýurdumyzda pagtaçylygy yzygiderli ösdürmek, aýratynam gowaçanyň gymmatly inçe süýümli görnüşleriniň ekilýän meýdanyny has-da artdyrmak aýratyn möhüm wezipe bolup durýar.

Keremli türkmen topragynyň berekedini artdyrmak üçin ýer eýeleriniň her bir zada aýawly, tygşytly çemeleşmegi gerek, şeýle-de döwletimiziň bu ugurda degerli derejede alada etmegi zerurdyr. Şu maksatdan ugur alyp, biz oba hojalyk önümçiliginiň maddy-tehniki üpjünçiligine uly üns berýäris, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden tehnikalary alyp bermek, daýhandyr kärendeçileri zerur bolan ýokary hilli dökünler bilen doly üpjün etmek, oba hojalyk önümlerini öndürýänleriň işiň ahyrky netijesine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrýan hojalyk-pul gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça düýpli çäreleri amala aşyrýarys.

Şu möhüm wezipäni hemmetaraplaýyn çözmegiň esasy şerti hem suwdur. Halkymyz suwy asyrlarboýy öz genji-hazynasy hökmünde sarpalap, onuň her damjasyny altyn dänesine deňäpdir. Parasatly pederlerimiz ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň kämil ulgamyny döredip, kärizçiligi sungat derejesine ýetiripdirler. Häzirki döwürde halkymyzyň başlanan işi ahyryna çenli doly berjaý etmek ýaly asylly däbine eýerip, biz öz öňümizde suw üpjünçiligi meselesini toplumlaýyn, ýagny tarp ýerleri ekin dolanyşygyna girizmek hem-de sebit möçberinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek işlerini utgaşdyrmak arkaly çözmegi maksat edinýäris. Gözümiziň alnynda özgerýän Garagum çölüniň jümmüşinde ýüzlerçe gektara uzap gidýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy hut şu maksada gönükdirilendir.

Zeminiň iri çölleriniň biri bolan Garagumda emeli deňziň ikinji nobatdakysynyň işe girizilmegi zeý suwlaryny bir ýere ýygnamak we gaýtadan peýdalanmak işine girişmäge şert döreder, çünki şor suwlaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini aradan aýyrmak döwrüň möhüm meseleleriniň biridir.

Bir söz bilen aýdylanda, gadymy topragymyzda döredilýän hem-de dörediljek zatlaryň ählisi önümçiligiň häzirki zaman döwlet-bazar düzgünleşdiriş binýadyna daýanmak we ýurtda öndürilen jemi içerki önümiň şu maksatdan ugur almak bilen paýlanylmagy arkaly halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, ilatymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň kämil usullarynyň bökdençsiz işlemegini gazanmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda bütindünýä maliýe-ykdysady çökgünliginiň ýetirýän täsirini nazara almak bilen, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Baş ugruny işläp taýýarlamak işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Bütindünýä maliýe-ykdysady çökgünligi häzirki wagta çenli bizde önümçiligiň pese düşmegine, mejbury ýagdaýda boş durulmagyna, iş orunlarynyň kemeldilmegine, adamlaryň aýlyk zähmet haklarynyň gijikdirilip berilmegine getirmedi. Ilata tebigy gazy, elektrik energiýasyny, suwy, nahar duzuny, awtoulag ýangyjyny mugt bermek, döwletimiz tarapyndan berilýän beýleki ýeňillikleri, mysal üçin, ýaşaýyş jaý almakdaky amatlyklary üpjün etmek boýunça bellenen çäreler doly möçberde amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda ilata mugt edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň sanawy pugta berjaý edilýär.

Ýurdumyzyň Hökümeti ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, bar bolan iş orunlaryny saklamak we täzelerini döretmek, hyzmatlar ulgamyny ösdürmek hem-de kämilleşdirmek meselelerini örän möhüm wezipeleriň hatarynda goýýar. Şu maksat bilen ýylyň-ýylyna diýarymyzyň oba ýerlerinde, şäherçelerinde hem etrap merkezlerinde täze kärhanalaryň onlarçasy gurulýar. Olaryň işe girizilmegi ilatyň içerki migrasiýasynyň görkezijileriniň peselmegini şertlendirýär.

Ýurtda aýlyk iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberi yzygiderli ýokarlandyrylýar, şol bir wagtyň özünde-de, sarp edijilik bahalarynyň aňrybaş peseldilmegi ilatyň deslapky hem hakyky girdejileriniň deňleşmegini üpjün edýär. Adamlaryň aýlyk iş haklary we beýleki girdejileri öz wagtynda tölenilýär.

Ilatyň girdejilerini geljekde-de durnukly ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar, bu görkezijiniň ýurduň ösüşiniň umumy depginlerinden öňe geçmegi içerki sarp ediş bazarynyň yzygiderli giňeldilmegine ýardam eder. Şonuň bilen birlikde, ilatyň girdejileri diňe bir aýlyk zähmet haklarynyň derejesine däl-de, eýsem hususy maýanyň möçberine-de bagly bolar.

IV

Men şu ýerde Türkmenistanyň öz ösüşinde düýpli ykdysady özgertmeleriň döwrüne gadam basandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Onuň tapawutly tarapy bolsa bütindünýä ykdysady çökgünliginiň zähmet hem-de maýa bazaryndaky deňagramlylygy saklamakda çözülmeli meseleleriň birnäçesini ýüze çykarandygy bilen baglydyr. Bütindünýä ykdysady çökgünligi maliýe çökgünliginden gelip çykdy, onuň netijesinde bolsa, belli bolşy ýaly, bir tarapdan, maliýe hem-de pul-karz ulgamynyň we beýleki tarapdan, hakyky pudagyň arasyndaky ägirt uly aratapawudy şertlendirdi.

Şunlukda biz, belli bir derejede, dünýäde goýberilen ýalňyşlyklary, hususan-da, jemgyýetiň isleglerini we tekliplerini düzgünleşdirmekde bazaryň ornuny esassyz ýokarlandyrmak ýaly esasy ýalňyşlygy sapak edinýän okuwçylaryň ýagdaýyna düşdük. Mundan başga-da, bazar usuly adam gorlaryna maýa goýmagy, ýagny başlangyç we orta bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryny ösdürmäge maýa serişdeleriniň zerur bolan derejede goýberilmegini üpjün edip bilmez.

Ösüşiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly nusgasyny gözlemegimiziň dünýä bileleşiginiň bütindünýä çökgünliginiň netijelerini ýeňip geçmekdäki birleşdirilen tagallalary bilen utgaşmagy biziň gazanan ýene-de bir üstünligimiz boldy. Munuň özi ykdysadyýetleriň anykdan-aýdyň hasap-hesipden daşary, ykdysady ilerlemeleri gazanmaga ýardam berýän ýol-ugurlary saýlamakdaky erkinlige daýanýan häzirki zaman ýörelgeleriniň binýadynda özbaşdaklaşmagy şertlendirdi.

Şu ýerde biraz öňe gidip, bir zady bellemekçi: biziň saýlap alan ugrumyz wagtyň düýpli synagyndan üstünlikli geçdi, sebäbi Türkmenistanda häzirki ýagdaýda bar bolan mümkinçilikler bütindünýä çökgünliginiň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini aňrybaş derejede peseltmäge ýardam berdi. Abraýly halkara guramalarynyň berýän bahasyna görä, onuň Türkmenistanyň ykdysady ösüş depginlerine ýetiren täsiri ujypsyzdyr.

Çökgünlige garşy gönükdirilen çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny, şol çäreleriň ykdysady ilerlemelere ýetmekdäki ýardamynyň mümkin boldugyça ýokarlandyrylmagyny diňe ykdysadyýetiň iri ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegini kepillendirýän makroykdysady durnuklylygyň zerur bolan derejesiniň üpjün edilen ýagdaýynda gazanyp bolar. Bu ugurdaky esasy görkezijilere ykdysady ösüşiň, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiliginiň, bahalaryň we daşary ýurt pulunyň umumy hümmetiniň ýokarlanmagynyň, eksportuň we importuň, maýa serişdeleriniň ýurtdan ýurda geçmeginiň ýagdaýynyň ölçegleri degişlidir, munuň özi bolsa jemi jemgyýetçilik islegleriniň düýpli derňewini geçirmegi talap edýär, çünki sarp ediş islegleriniň peselmegi umumy girdejileriň möçberini artdyrmakda düýpli päsgelçilikleri döredýär.

Çökgünlige garşy gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda Türkmenistanyň Hökümeti çökgünligiň ýüze çykaran ähli şertlerini we özboluşly taraplaryny nazara almaga çalyşýar, şol bir wagtyň özünde-de ykdysady çökgünligiň täsirini ýeňip geçmekde-de, ýurduň uzakmöhletleýin ykdysady ösüşiniň baş ugurlaryny kesgitlemekde-de toplanan maliýe serişdeleriniň möçberini saklamagyň zerurlygyndan ugur alýar.

Häzirki wagtda sazlaşykly ösüşlere eýe bolýan makroykdysady syýasat jemi içerki önümiň ýokary depginleriniň saklanmagyny üpjün edýär, olar bolsa öz gezeginde ýurdy ösdürmegiň uzakmöhletleýin häsiýetli binýatlaýyn maksatnamalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi, şeýle-de jemi içerki önümiň pudaklaýyn we tebigy-maddy gurluşlaýyn düzümini düýpli özgetmek we döwrebaplaşdyrmak arkaly gazanylýar. Soňky üç ýylyň içinde jemi içerki önümiň ýyllyk ösüş depginleri 109 göterimden gowrak artdy, bu görkezijiniň 17 göterime çenlisi gurluşyk pudagynyň paýyna düşýär.

Umuman, jemi içerki önümiň umumy düzüminde önümçilik ulgamynyň pudaklary esasy bölegi düzýär. 2008–2009-njy ýyllarda bu görkeziji 72 göterime golaý boldy. Önümçilik ulgamynyň agdyklyk edýän möçberi milli ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüşleri bilen esaslandyrylýar. Sebäbi senagat daşarky we içerki önüme bolan islegi kanagatlandyrýar, oba hojalygy öz önümleri bilen içerki bazary üpjün edýär, gurluşyk bolsa ýeterlik mukdarda maýa goýumlaryny özleşdirýär.

Ýurduň ykdysady kuwwaty önümçilik serişdeleriniň artdyrylmagynyň, olaryň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň hem-de ulanylmagynyň usullarynyň kämilleşdirilmeginiň hasabyna ösýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ykdysady ösüşini durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak we girdeji gazanmak maksady bilen pul dolanyşygyna çekilýän uzakmöhletleýin maýa goýumlary üpjün edýär.

Şundan ugur alyp, biz maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmäge, maýa goýumyň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, durmuş we inžener infrastrukturasyny ösdürmäge amatly bolan maýa goýumlary goýmak üçin iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ygtybarly maýa goýum mümkinçilikleri bolan ykdysady ulgamy döretdik. Bu bolsa bütindünýä maliýe çökgünligi döwründe has-da möhümdir. Ýurduň ykdysadyýeti ähli ugur boýunça girdejilidir. Munuň özi milli we daşary ýurt puluny toplamaga uly ýardam edýär. 2008-nji ýylda ýurduň jemi içerki önümine goýlan maýa goýumlarynyň möçberleriniň gatnaşygy 32 göterim, 2009-njy ýylda bolsa, 47 göterimden gowrak boldy. Bu goýumlaryň üçden bir bölegi uly depginler bilen özleşdirilýän daşary ýurt maýa goýumlarydyr.

Maýa goýumlary babatda Türkmenistanyň özüne çekiji ýurtdugyny bellemek gerek. Sebäbi ýurdumyz eýýäm döredilen iri önümçilik kuwwatlyklarynyň, zähmet serişdeleriniň barha kämilleşdirilýän kanunçylyk binýadynyň, telekeçiligi ösdürmäge niýetlenen infrastrukturaly pudaklarynyň bardygy bilen utgaşýan iri ýangyç-energetika we ykdysadyýetiň gorlar däl ulgamlarynda ägirt uly serişdelere eýedir. Bularyň ählisi ykdysadyýetiň geljekde durnukly ösmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Hususy pudagy ösdürmäge hem uly üns berilýär. Bu işler döwlet bilen hususyýetçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýurduň durmuş-ykdysady ulgamyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen möhüm ugur hökmünde garamaga mümkinçilik berýär. Hususy başlangyçlaryň erkinlige çykarylmagy öňe gitmäge, innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýumlaryny özleşdirmäge we zähmet gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etmelidir.

Döwlete degişli bolmadyk ulgamyň jemi içerki önüme goşandyny 2020-nji ýyla çenli 70 göterime çenli artdyrmak (ÝET hasaba alynmanda) wezipe edilip goýuldy. Bu wezipäni durmuşa geçirmek üçin diňe döwlet tarapyndan hususy kompaniýalar bilen baglaşylýan şertnamalar esasynda dörän hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem bu hyzmatdaşlyk ýurdy ösdürmäge niýetlenen maksatnamalary durmuşa geçirmekde kanunçylyk we guramaçylyk babatynda hem ysnyşykly bolmalydyr.

Bu ugurda eýýäm öňe gidişlik gazanyldy. 2009-njy ýylda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmäge niýetlenen «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Oňa laýyklykda döwlet tarapyndan telekeçiligi goldamak babatda maksatnama taýýarlanylýar. Esasy serişdeleri satyn almak üçin telekeçilere ýyllyk bäş göterim bilen 10 ýyl möhlete çenli karz bermek çäreleri durmuşa geçirilýär, şeýle hem dolanyşyk serişdelerini edinmek üçin bir ýyl möhlet bilen karz pul berilýär.

Döwlet hususy telekeçiligi ösdürmegi höweslendirmek bilen, telekeçiligiň jemi içerki önüme goşandyny hem-de şunuň bilen baglylykda ilatyň girdejisini artdyrmagy nazarda tutýar. Şunda ýüze çykýan meseleleriň köpüsini täjiriň özi çözmeli we olara jogap bermeli bolar.

Maliýe pudagynyň pul-karz düzgünleşdimesi Türkmenistanyň makroykdysadyýetiniň deňagramlylygynyň wajyp ugruna degişlidir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda milli pul birliginiň satyn alyş ukyplylygynyň durnuklylygy üpjün edildi, karz serişdeleriniň möçberi barha artýar, bank aktiwleriniň likwidligi saklanylýar, ykdysadyýetiň esasy ulgamlaryny ösdürmäge niýetlenen maliýe goldawy pugtalandyrylýar. 2008-nji ýylda milli puluň hümmetini pugtalandyrmak, 2009-njy ýylyň ýanwarynda bolsa manady denominasiýa etmek çäreleri üstünlikli durmuşa geçirildi. Amala aşyrylan bu möhüm çäreleriň netijesinde, kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy has-da gowulandy, puluň dolanyşygy kämilleşdirildi, karz pullarynyň elýeterliligi üpjün edildi. Ýurdumyzda ähli ýerde pul çalşylýan nokatlar açyldy, şonuň bilen birlikde, manadyň hümmeti indi iki ýyl bäri üýtgemän, özüniň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny saklap gelýär.

Şeýle hem ýurduň pul syýasaty puluň hümmetsizlenmeginiň möçberlerini azaltmaga we sarp ediş nyrhlarynyň durnuklaşmagyna gönükdirilendir. 2009-njy ýylda ýyllyk hasaplamada puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi 100,1 göterim boldy. Munuň özi tutuş hasaplamalaryň döwründe iň pes görkezijidir.

Içerki bazarda sarp ediş nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek, şeýle hem ýerli haryt öndürijileriň eksport edýän harytlarynyň möçberini artdyrmaga islegini ýokarlandyrmak maksady bilen, gümrük paçlarynyň möçberleri peseldildi, durmuş ähmiýetli käbir möhüm harytlara bolsa, gümrük salgytlary asla salynmaýar.

Ilaty ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek maksady bilen ýeňillikli şertlerde gozgalmaýan emläk üçin karz bermek ulgamy ösdürilýär. Gozgalmaýan emläk üçin karzlar 5 ýyla çenli ýeňillikli şertlerde ýylda 1 göterim bilen 30 ýyla çenli berilýär. Birinji 5 ýylyň dowamynda karz boýunça esasy bergi däl-de, karz üçin göterim tölenilýär. Şonuň bilen birlikde, kärhanalara we guramalara gozgalmaýan emläk üçin karz alan işgärine jaýyň bahasyny 50 göterim arzanlatmaga ygtyýar berilýär. Häzirki wagtda gozgalmaýan emläk üçin karzlary bermek oba ýerlerinde, şäherçelerde, etrap we welaýat merkezlerinde işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.

Maliýe syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan ýokary hilli salgyt-býujet ulgamyny döretmek ykdysady prosesi döwlet tarapyndan işjeň dolandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Soňky ýyllarda salgydyň milli ykdysadyýete goşandynyň derejesi jemi içerki önümiň 23 göterimine golaýdyr. Türkmenistanyň býujeti durmuş ugruna gönükdirilendir, onuň girdejisi bolsa çykdajylara garanyňda ýokary depginde ösýär. Girdeji serişdeleri ýurduň Durnuklaşdyryş gaznasynda toplanylýar. Bu Gazna milli ykdysadyýeti daşky ýagdaýlaryň ýaramaz täsirinden goramak hem-de innowasiýalary ornaşdyrmak, möhüm ähmiýetli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi.

Hereket edýän fiskal düzgüni işjeň ykdysady subýektleriň oňyn ösmegine, durmuş ýagdaýynyň ygtybarly bolmagyna ýardam edýär. Salgyt salma ulgamy ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen möhüm ugurlara ep-esli ýeňillikleri göz öňünde tutýar.

Ýokarda hem belläp geçişim ýaly, globallaşmak we bazar gatnaşyklaryna geçmek prosesi döwletiň ornuny we wezipesini düýpli üýtgedýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda syýasatda hem, habarlar ulgamynda hem düýpli özgertmeler geçirilýär, kanunçylyk ulgamy pugtalandyrylýar, täzelenýär, institusional esas kämilleşdirilýär. Häzirki zaman demokratik döwletde raýatlara deň mümkinçilikleri kepillendirýän kanunçylyk binýady ähli zadyň esasy bolup çykyş edýär. Bu ugurda bizde edilen işler köpdür, mysal üçin, ýeke-täk kanun çykaryjy edaranyň wezipesi Mejlise berildi, onuň düzümi giňeldildi; köp kanunlar täzelendi we kabul edildi, ilkinji nobatda bolsa, ýurduň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi, köppartiýalylyk ulgamyny döretmäge tarap ädim ädildi.

Ýurdumyzda ykdysady ulgamyň, gurluşyk toplumynyň, uly möçberli taslamalaryň we telekeçiligiň köp ugurlaýyn reformalar bilen gurşalyp alnyşy has aýdyň görünýär. Bu ulgamlarda häzirki döwürde Türkmenistanyň ileri tutulýan maksatnamalarynyň we taslamalarynynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga niýetlenen täze pudak edaralary, komitetler we bileleşikler emele geldi.

Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk instituty, şeýle hem ykdysadyýetiň ähli ulgamlary üçin ýolbaşçy işgärleri taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy döredilip, olar üstünlikli işläp başladylar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleri giňeldilýär, ilat üçin Internet dünýä ulgamynyň elýeterliligi gowulandyryldy.

Umuman, köp ugurlaýyn özgertmeler milli ykdysady strategiýany durmuşa geçirmek üçin döwletiň ähli maliýe we syýasy mümkinçiliklerini ýokary derejelerde netijeli peýdalanmaga, dolandyryş meseleleriniň oňyn çözgüdine ykdysady, sosial-syýasy we medeni faktorlaryň ysnyşykly utgaşdyrylmasyna esaslanýan ulgamlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

V

«Il bilen gelen toýda-baýram» diýen dünýäniň pähim-paýhasyna ýugrulan türkmen halk nakyly bar. Bu dünýäniň özara mäkäm baglanyşyklydygy babatda-da, häzirki zaman dilinde aýtsak, adam mümkinçilikleriniň köküni düzýän düýp esaslar hakynda-da şundan takyk aýdyp bolmasa gerek. Häzirki döwürde hut şu adam mümkinçilikleri ykdysady ösüşiň ýa-da ykdysadyýetiň hemişe depginli ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Maddy maýa goýumlary bilen deňeşdirilende adam mümkinçiliklerine goýumlaryň has öňe gitmeginiň bütindünýä prosesi dowam edýär. Bu ýagdaý zähmetiň halkara bölünişigi, ulagyň we aragatnaşygyň dünýä ulgamy, harytlaryň dünýä bazary mahsus bolan häzirki zaman dünýäsiniň hojalygyna ýurtlarynyň ykdysady bitewüligi hökmünde ýaýramak bilen adamzat siwilizasiýasynyň mundan beýläkki ösüşiniň baş şerti hökmünde global howpsuzlyk faktorynyň orta çykmagynyň zerurlykdygyny şertlendirýär.

Türkmenistan özüniň ykdysady strategiýasyny düzende oňa howpsuzlygyň ählumumy nusgasyny guramaga bilelikde gatnaşmak meselesini hem degişli edýär. Çünki onda öz ykdysady özbaşdaklygynyň esaslary hökmünde milli ykdysady howpsuzlygynyň kepilini görýär. Biziň howpsuzlyga bitewileýin düzgüniň hadysasy hökmünde çemeleşmämiz hem şundan gelip çykýar. Bu düzgüniň syýasy, energetika, azyk, ekologik howpsuzlygy ýaly düzgünleriniň hiç biri hem aýratynlykda, biri-birini özara şertlendirmezden we geosyýasy baglanyşykda bölünmez ýagdaýda bolmazdan dowam edip bilmez.

Bu ýerde biziň öňe sürýän garaýşymyz pugta we üýtgewsizdir, sebäbi ol Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Hut BMG-niň howandarlygy astynda parahatçylygy berkarar etmegiň harby däl, syýasy-diplomatik ýörelgeleriniň üýtgewsizligi biziň bähbitlerimiziň sebit we dünýä ýurtlarynyň bähbitleri bilen utgaşan ýerlerinde howpsuzlyk maksatlarymyzy amala aşyrmakda bitaraplygymyza çeýelik we berklik aýratynlyklaryny berýär. Mysal üçin, halkara energetika üpjünçiligini dünýä ykdysadyýetiniň iň bir gowşak düzümi hasaplap we degişli başlangyçlar esasynda çykyş etmek bilen, biz BMG-niň goldawyna daýanyp, bu başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýäris. Biz bu meselede ahyrky maksady gyzyklanýan ýurtlaryň we halkara guramalarynyň tekliplerini hasaba alyp, energiýa geçirijileriniň üstaşyr geçirilmegi boýunça halkara-hukuk resmi namalaryny işläp taýýarlamakda görýäris.

Türkmenistan ähli möhüm halkara konwensiýalarynyň we şertnamalarynyň gatnaşyjysy bolmak bilen, Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitinde ýaragsyzlanmak we sebitiň suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň meseleleri barada başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hususan-da, Araly halas etmekde, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda sebitiň agrar mümkinçiliklerini peýdalanmakda, Owganystany ösdürmek we onuň ykdysadyýetini dikeltmek işinde, şeýle hem eneligi we çagalygy goramakda, maýyplaryň, bosgunlaryň we ş.m. hukuklaryny üpjün etmekde BMG-niň düzümleri bilen özara arkalaşykly gatnaşyklary ysnyşykly ýola goýmakda dürli möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şu we beýleki meseleleri oňyn çözmekde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky sebit merkeziniň täsirli ornunyň bardygyny görýäris. Bu ugurlaryň ählisi babatda halkara jemgyýetçiliginiň edýän tagallalaryna Merkeziň has giňden we anyk işler arkaly çekilmegi ugrunda çykyş edýäris.

Türkmenistan dünýä maliýe-ykdysady çökgünligi we onuň ösüşe ýetirýän täsirleri babatda BMG-niň konferensiýasynyň Jemleýji resmi namasynyň düzgünlerini goldaýar hem-de onda dünýä maliýe institutlary bolan Bütindünýä bankynyň we Halkara pul gaznasynyň tizden-tiz özgerdilmegi babatda beýan edilen teklipleri möhüm hasaplaýar.

Türkmenistan BMG-niň we onuň düzümleriniň – ilkinji nobatda bolsa, BMGÖM, EYK, AÝUYDK ýaly düzümleriniň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine has işjeň, giňden gatnaşmagy göz öňünde tutýar. Ýurduň halkara gatnaşyklarynyň ösüşi eýýäm gol çekilen ylalaşyklaryň çäklerinde-de, täze halkara aragatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly hem dowam etdiriler. Bu ugurda saglygy goraýyşda, daşky gurşawy goramakda, bilimde, medeniýetde we beýleki ençeme ulgamlarda halkara maksatnamalarynyň 109-synyň durmuşa geçirilýändigini aýtmak ýeterlikdir.

Türkmenistan döwletleriň arasyndaky kadaly ykdysady gatnaşyklaryň guralmagyna ýardam bermäge gönükdirilen halkara hukugynyň mundan beýläk-de kämilleşderilmegi ugrunda çykyş etmek bilen, ilkinji nobatda, «açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge itergi berýän daşary ykdysady işiň guramaçylyk-ulgamlaýyn esasyna daýanýar. Hut şeýle syýasat daşary ýurt maýa goýumlarynyň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryna çekilmegine amatly täsir etdi.

Biz halkara tejribesinde giňden ulanylýan önümi paýlaşmak baradaky ylalaşyk ýaly usuly ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny çekmekde giňden peýdalanýarys. Mysal üçin, «Petronas» (Malaýziýa), «Dragon Oil» (BAE), «Wintershall» (Germaniýa), «Maersk Oil» (Daniýa), «ONGС» (Hindistan), «Buried Hill» (Kanada) ýaly bilelikdäki we daşary ýurt kompaniýalary bilen çykarylýan nebitiň we gazyň paýy ýyl-ýyldan artýar. Ýurdumyzda 2009-njy ýylda bilelikdäki we daşary ýurt kompaniýalary bilen çykarylan nebitiň möçberi 41 göterime, gazyňky 6 göterime deň boldy. «Jon Dir», «Keýs», «Ekson Mobil», «Şewron», «Ýewraziýa Grupp», «Boing» we beýleki esasy amerikan kompaniýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

Daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan önümçilik we durmuş-medeni ulgamda dürli desgalaryň we ymaratlaryň gurluşygy giň gerime eýe boldy. 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzda maýa goýumlarynyň özleşdirilmegine dünýäniň 25 ýurdundan daşary ýurt kompaniýalarynyň 117-si gatnaşdy. Şu senä çenli daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan umumy bahasy 11,7 milliard amerikan dollaryna barabar bolan gurluşyklaryň 530-sy alnyp barylýardy.

Bütin dünýäde daşary ykdysady işiň iň bir çalt ösýän we walýuta girdejileriniň düýpli çeşmesi hasaplanylýan ulgamlaryň biri hem halkara syýahatçylygydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny özleşdirmäge girişmek bilen, biz onuň halk hojalygy taýdan maksada laýyklygyny we netijeliligini düýpli seljerdik hem-de diňe şondan soňra ýeňilleşdirilen salgyt, maliýe we hukuk şertlerini we zerur önümçilik infrastrukturasyny döretmegiň esasynda bütin dünýäde kabul edilen erkin ykdysady zolagyň usulyny girizmek baradaky netijä geldik.

«Awaza» syýahatçylyk zolagyny ösdürmek babatda kabul edilen toplumlaýyn çäreler daşary ýurtly we ýerli maýadarlaryň, syýahatçylyk industriýasynyň telekeçileri üçin syýahatçylar babatda wiza düzgüniniň ýönekeýleşdirlmegini, ýeňilleşdirilen salgyt salnyşyny (gurluşygyň bütin dowamynda hem-de infrastruktura we syýahatçylyk desgalary işe girizilenden soňky 15 ýylyň dowamynda maýadarlar emläk we girdeji salgydyny, goşmaça baha üçin salgydy, gümrük we birža ýygymlaryny, ygtyýarnamany we sertifikaty, şeýle hem ýeri kärendesine almak üçin tölegleri tölemekden boşadylýar) öz içine alýan amatly düzgüni göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ähli görnüşleriniň ösdürilişi hakynda men eýýäm ýokarda aýtdym, biz onda dünýäniň geogiňişligine gös-göni çykmakdan başga-da, döwletiň daşary söwda girdejileriniň düýpli çeşmesini, importa çykdajylaryň peseldilmeginiň we eksportda girdejileriň artdyrylmagynyň, syýahatçylykda goşmaça girdejileriň alynmagynyň mümkinçiliklerini görýäris.

Türkmenistanyň güýçli depginli we pragmatik daşary ykdysady syýasaty daşary söwda dolanyşygynyň möçberini ýyl-ýyldan artdyrmaga mümkinçilik berýär, onuň ortaça ýyllyk ösüş depgini soňky ýyllarda örän ýokary derejededir. Birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň söwda balansynyň oňyn saldosy ýokary bolmagynda galýar, munuň özi ýurduň töleg balansynda amatly ýagdaýy döredýär.

Döwletiň daşary ykdysady syýasatynda esasy ileri tutulýan ugur – Türkmenistany çig maly eksport edýän ýurtdan önüm öndürýän we ýokary tehnologiýaly taýýar harytlary eksport edýän ýurtlaryň hataryna kem-kemden geçirmekden ybaratdyr. Şonuň bilen birlikde, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, enjamlaryň we stanoklaryň importy dürli usullar bilen höweslendirilýär. Soňky ýyllarda önümçilik-tehnologiki ähmiýetli önümleriň paýy importuň 70–80 göterimden gowragyna barabardyr.

Russiýa, Hytaý, Türkiýe, ABŞ, BAE, Italiýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Şweýsariýa, Fransiýa, Eýran ýaly ýurtlar we beýleki döwletler Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarydyr. Türkmenistanyň önümleri dünýä bazarlarynda mynasyp orny eýeleýärler, olaryň hatarynda tebigy gaz, nebit we nebit önümleri, elektrik energiýasy, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, pagta süýümi, nah ýüplükler, matalar, oba hojalyk önümleri we olary gaýtadan işlemekden alnan önümler hem-de beýleki önümler bardyr.

Ýurtda her ýyl halkara konferensiýalarynyň we sergileriniň onlarçasy geçirilýär. Bu daşary ykdysady aragatnaşyklary has-da ösdürmäge we bilelikdäki kärhanalary döretmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda daşary ýurtlarda abraýly halkara maýa goýum forumlary guralýar. Aşgabat ylmy we medeni garaýyşlary özüne çekýän merkeze öwrülýär, paýtagtymyza dünýäniň köp ýurtlaryndan intellektual we döredijilik elitasynyň wekilleri yzygiderli gelýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysady ulgamyna mundan beýläk-de netijeli goşulyşmagy üçin ýurda ýeterlik döwrebap we kämil önümçilik kuwwaty, ösen ulag we kommunikasiýa ulgamlary, ýokary hilli bazar infrastrukturasy, giň möçberli maýa goýumlaryny çekmek üçin ykdysady we hukuk kepillikleri we şertleri, durmuş we syýasy ulgamlaryň durnuklylygy zerurdyr. Bu ugurlaryň ählisi boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, eýýäm ep-esli üstünlikler hem gazanyldy. Ýöne dünýä bir duran ýerinde durmaýar, Türkmenistana hem ähli bellenen maksatnamalary has çalt depginlerde amala aşyrmak zerurdyr.

*    *    *

XXI asyrda jemgyýetiň ösüşiniň nusgasynyň durmuş maksatly we durmuş jogapkärçilikli görnüşli durnukly ykdysady we syýasy ösüşi üpjün edýän nusgadygyny dünýä tejribesi görkezýär. Jemgyýet ykdysadyýetden, gündelik durmuş aladalaryndan ýokarda durýan milli maksatlara akyl ýetirmäge girişdi. Şunuň ýaly nusganyň düzülmegine häzirki zaman jemgyýetiniň ähli esasy güýçleri gyzyklanma bildirýärler, bu işde olaryň her biri öz jogapkärçiligini duýmalydyr.

Täze galkynyş eýýamynda Türkmenistany ösdürmegiň nusgasynyň esasy düzüm bölegi durmuş ulgamydyr. Biziň ýurdumyzyň kuwwaty we onuň açýan mümkinçilikleri ösüşi çaltlandyrmagyň ykdysady we durmuş şertleriniň berk özara baglanyşygyny gazanmaga doly derejede gönükdirilendir. Türkmenistanyň ösüşiň öňdebaryjy ölçeglerine çykmaga we dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýelemäge çalyşmagy ägirt uly maýa goýumlaryny önümçilik we durmuş ulgamlaryna çalt depginlerde gönükdirmegi bilen şertlendirilendir. Bu bolsa, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiki ulgamyndan başga-da, halkyň hal-ýagdaýynyň mynasyp derejesidir.

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilendir, ykdysady mümkinçilikler bolsa, olaryň netijeli durmuşa geçirilmeginde diňe usul bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW