Ykdysadyýet we Maýa Goýum
YKDYSADY ÖSÜŞIŇ ILERI TUTULÝAN WE ESASY UGURLARY
Ykdysady ösüşiň maksatlaýyn çelgileri
Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine ýetmek üçin güýçli depginler bilen ynamly gadam urýar.
Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap ýurduň ykdysady we syýasy garaşsyzlygyny kepillendirýän, ýokary netijeli, ösen bazar instituty bolan, sosial meseleleriň çözgüdine gönükdirilen ykdysadyýeti döretmäge ugur alyndy. Adamyň bähbidini goramak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyňka laýyk gelýän ýokary görkezijileri üpjün etmek döwletiň ileri tutulýan möhüm ugurlary diýlip yglan edildi.
Häzirki wagtda ýurduň ýokary depginlerdäki ykdysady ösüşi üçin ähli mümkinçilikler bar:
- uly möçberlerdäki uglewodorod, mineral-çig mal we gaýry tebigy gorlar;
- ýeterlik maliýe gorlarynyň barlygy;
- kanunçylyk binýadynyň barlygy;
- milli walýutanyň durnukly hümmeti;
- syýasy durnuklylyk we ýurduň halkara arenasyndaky abraýy;
- ilatynyň ykdysady taýdan işjeňligi, bilim derejesiniň ýokarylygy, ylmy we intellektual derejesi;
- bazar gatnaşyklaryndaky institutlaryň pajarlap ösmegi üçin şertleriň bolmagy;
- ýokary depginlerde ösýän ulag we aragatnaşyk ulgamlary;
- döwrebap gurluşyk senagatynyň tehnologik taýdan ösen mümkinçilikleri.
Beýik Galkynyşlar we ykdysady özgertmeler zamanasynda milli ykdysadyýetimizde bolup geçýän düýpli özgertmeler strategik meýilleşdirmäniň akymy bilen şertlendirilendir. Özgertmeler ähli ugurlar – ykdysady, kanunçylyk, ynsanperwerlik we beýleki ulgamlar boýunça hem dowam edýär. Çuňňur özgertmeler ýurduň ykdysady ösüş strategiýasyny döretmeklige, pul-karz, salgyt-býujet, nyrhlar, daşary we içeri, durmuş we medeni syýasatlary ösdürmeklige gönükdirilendir.
ÝURDUŇ YKDYSADYÝETINIŇ HAKYKY BÖLEGINIŇ ÖSÜŞI
Senagat
Ýurt garaşsyzlygy gazanylanyndan soň Türkmenistanyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýär. Şol bir wagtyň özünde senagat ösüşiň binýatlyk bölegi bolup durýar. Ykdysadyýetiň şu ulgamynda ozalky bar bolan pudaklar döwrebaplaşdyrylyp, önümçiligiň täze görnüşleri kemala geldi. Netijede 2000-2007-nji ýyllarda senagat önümleriniň möçberi 4,4 esse artdy.
Çig mal serişdeleriniň deňi-taýy bolmadyk mümkinçilikleri Türkmenistanda senagatyň ileri tutulýan ugry bolan ýangyç-energetika toplumynyň kemala gelmegini şertlendirdi. Häzirki wagtda onuň paýyna orta we iri senagat kärhanalarynyň önümçiliginiň jemi möçberiniň ýarysy düşýär. Ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) düzümine elektroenergetika, nebiti we gazy gazyp alýan, nebiti gaýtadan işleýän pudaklar girýär.
Türkmenistanyň elektroenergetikasy häzirki wagtda ýurduň ÝET-nyň iň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýar. Onuň ösüşi ýurduň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berýär, energiýa bolan içerki islegi doly kanagatlandyrýar. Ýurduň energiýa ulgamy Merkezi Aziýanyň birleşen energiýa ulgamyna birikdirilgi bolup, artykmaç energiýany Owganystan, Eýran, Türkiýe, Täjigistan ýaly daşary döwletlere satuwa çykarmaga ukyplydyr.
2007-nji ýylda Türkmenistanda 14,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasy öndürilip, onuň 1,9 milliard kWt sagady eksporta ugradyldy.
Ýurduň energetika pudagynyň kuwwaty hem barha artýar: täze elektrik stansiýalary, elektrik toguny geçirijiler, podstansiýalar gurulýar, bar bolan desgalaryň durky täzelenip, täze tilsimatlar bilen döwrebaplaşdyrylýar. Şol tagallalaryň netijesinde zerur bolan ätiýaçlyk kuwwatlylygy toplanyp, energetika ulgamyndaky işler yzygider we ygtybarly esasda ýola goýuldy.
Gaz çykaryş senagaty Türkmenistanyň ÝET-nyň ileri tutulýan pudagydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasy bu ugruň köpugurly ösüşine gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, ýangyç-energetika toplumy 2030-njy ýyla çenli hem ozalkysy ýaly milli ykdysadyýetiň iň möhüm pudagy bolmagynda galar. Bu toplum ykdysady ösüşiň ýokary depginlerde saklanmagy we ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy üçin esasy çeşmeleriň biri bolan daşary ýurt iri walýuta girdejileriniň ýurda gelýän akymyny üpjün edýär.
Şunuň bilen baglylykda 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebit-gaz toplumyny ösdürmek boýunça Maksatnamanyň esasy maksady gazyň gazylyp alnyşyny 250 milliard kub metre, nebitiň çykarylyşyny bolsa 110 million tonna ýetirmekden ybaratdyr. Uglewodorod serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarylyşynyň möçberini artdyrmagyň netijesinde Türkmenistan bu ugurda öňdebaryjy orunlaryň birini eýelär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara turbageçirijiler arkaly Türkmenistanyň energiýa göterijilerini dünýä bazarlaryna çykarmak babatynda iri göwrümli taslamalara badalga berýär. Olaryň hataryna Türkmenistan-Hytaý, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan, Hazarýaka we Hazarüsti gaz geçirijileri degişlidir.
Ýakynda meşhur halkara «Gaffney, Cline & Associates» (Beýik britaniýa) audit kompaniýasy tarapyndan, Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşýän Amyderýa basseýnindäki Günorta Ýolöten-Osman ýataklar toplumynda we Ýaşlar ýatagynda gaz gorlarynyň auditi geçirildi. Auditiň netijesinde Günorta Ýolöten-Osman ýatagynyň gaz gorlaryna: aşaky baha - 4 trilion kub metr, optimal baha 6 trilion kub metr we ahyrsoňunda, ýokary baha – 14 trilion kub metr gaz möçberinde baha berdiler. Deňeşdirme üçin alsak: optimal baha, iň iri türkmen gaz ýatagy bolan Döwletabat bilen deňeşdirilende, ondan bäş esse artykdyr, bu bolsa eýýäm Günorta Ýolöten-Osman gaz ýatagyny onuň möçberleri boýunça dünýäde bäşinji ýa-da dördünji ýere çykarýar. Auditiň netijesinde Ýaşlar ýatagynyň gaz gorlaryna: aşaky baha – 0,25 trilion kub metr, optimal baha 0,675 trilion kub metr, ýokary baha – 1,5 trilion kub metr gaz möçberinde baha berildi.
Türkmen tebigy gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy üçin gurulýan hem-de Türkmenistan tarapyndan yglan edilen iri gaz geçirijileriniň gaz bilen üpjin edilmeginiň kepiliniň wajyplygy üçin, garaşsyz Halkara eksperti tarapyndan baha berilmegi zerurdy. Gaz gorlarynyň gelejekki takyklamak işlerine bagly bolmazdan, onuň bu tassyklanan möçberi, Türkmenistanyň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin gazyň ýeterlik mukdarda bardygyny aýdyň görkezdi.
2007-nji ýylda Türkmenistanda 9,75 million tonna nebit (gaz kondensatyny goşmak bilen) gazylyp alyndy. Nebit gazyp alyjy pudakda nebit ýataklaryny özleşdirmek, hereket edýän nebit guýylaryny gazlifte geçirmek, ulanylmaýan guýylary çuň-nasos ulanyşygyna geçirmek we beýleki işler ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna (TNGIZT) gönükdirilen uly möçberlerdäki maýa goýum akymlarynyň netijesinde milli senagatymyzyň öňdebaryjysy bolan bu kärhana doly döwrebaplaşdyryldy we häzirki wagtda aglaba bölegi daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilýän nebithimiýa önümleriniň 40-a golaý görnüşi öndürilýär.
Daşky gurşawy goraýan we çig maly tygşytlaýjy tilsimatlar we enjamlar oturdylan döwrebap önümçilik bu toplumda Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Ysraýylyň we Irlandiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýola goýuldy. Gysga döwrüň içinde bu ýerde täze enjamlaryň uly tapgyry oturdyldy: katalizatoryň üznüksiz regenerasiýasy bilen gidroarassalaýyş we katalitik riforming, millisekundly suwuk katalitik kreking, oktan sany ýokary bolan etil däl benzinlerini, çalgy, dizel we uniwersal ýaglary öndürmek boýunça, polipropileni, nebit koksuny almak boýunça, dizel ýangyjyny suwdan arassalamk, awiakerosini arassalamak boýunça enjamlar. Haýal kokslaşdyrmak boýunça enjamlaryň durky täzelendi, dürli infrastrukturalar giňeldi we döwrebaplaşdyryldy.
Ýakyn geljekde Seýdi şäherinde ýerleşýän, nebiti gaýtadan işleýän başga bir iri kärhanany tehnologiýa taýdan düýpli döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Ykdysadyýetiň şu pudagynyň ýokary girdejililigi, şol sanda dünýä bazarynyň durky we onuň önümleriniň bahasy bilen baglanyşyklydyr, şeýle hem amatly makroykdysady ýagdaý Türkmenistany daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekiji edýär. Daşary ýurt maýa goýum serişdeleriniň ýurduň maýa goýumlarynyň umumy möçberindäki paýy 16-17 göterime barabardyr.
Geljekde nebiti gaýtadan işlemek maýa goýum işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň ileri tutulýan ugurlary şu aşakdakylardan durýar:
Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod gorlarynyň ýataklaryny özleşdirmek;
nebiti we gazy gury ýerde gözlemek we gazyp almak üçin bloklary özleşdirmek, olara ygtyýarnama bermek;
nebit-gaz toplumynyň turbageçirijiler, desgalar we aragatnaşyk ulgamyndaky infrastrukturasyny ösdürmek;
nebit-gazy gaýtadan işlemek we nebit-gaz himiýasyny ösdürmek;
Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynda hödürlenýän hyzmatlaryň çägini we görnüşlerini giňeltmek.
Türkmenistanda tebigy gazy suwuklandyrmak boýunça zawodlaryň gurluşygyna maýa goýumlaryny çekmek babatynda işleri ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär.
Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynda ýerleşýän nebitiň we gazyň ummasyz gorlarynyň bolmagy olary gazyp almak we işläp bejermek uly möçberdäki maýa goýumlaryny talap edýär. Şunda halkara maliýe institutlarynyň serişdelerini çekmek hem amatly bolar. Şu ulgamda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işleri maýa goýumlaryň özüni örän tiz wagtda ödeýänligi görkezýär.
Türkmenistanyň çäklerinde mineral-çig mallaryň dürli görnüşleriniň bolmagy, önümlerine dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän, hereket edýän kärhanalary giňeltmäge we täzelerini döretmäge itergi berýär. Ýurduň himiýa we nebithimiýa toplumy, magdançylyk himiýasy, esasy himiýa, plastmassa önümlerini öndürýän, gündelik durmuşda ulanylýan himiýa, tehniki uglerody öndürýän pudaklary özünde birleşdirýär.
Ýurduň himiýa kärhanalary sintetik arassalaýjy serişdeleri, natriý sulfatyny, sintetik ammiagy, ýody we beýlekileri öndürýär.
Türkmenistanyň himiýa çig malynyň eýýäm işlenip bejerilýän ýataklarynyň gorlarynyň toplumlaýyn ulanylyşy ýaly, onuň täze känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi bilen bagly himiýa we nebit himiýasy senagatynyň pudaklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Şu pudaklarda karbamid dökünlerini, kaliý hloridini, kaliý sulfatyny, kaustik sodany, hlory, kükürt kislotasyny, ammoniý sulfatyny we reňkleýji-lak serişdelerini öndürýän önümçilikleriň gurluşygy meýilleşdirilýär.
Ýurduň senagat-önümçiliginde himiýa pudagynyň daşary söwdadan gelýän girdejisiniň agramly bölegini tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän kuwwatlyklary bardyr. Bu pudagyň geljegi uludyr.
Türkmenistanyň himiýa pudagynyň ösüşi ýurduň bu ugurdaky ägirt uly mümkinçilikleri bilen şertlendirilendir. Garabogaz aýlagynyň mineral serişdelerini özleşdirmek kaliý dökünleriniň, nahar duzunyň, bromyň, boruň öndürilişini ýola goýmaga mümkinçilik berip, bu işiň hil taýdan ölçegi öňdebaryjy tilsimatlary ulanmak bilen bagly bolmalydyr. Garabogazda karbamid zawodynyň gurluşygy hem meýilleşdirilýär.
Balkan welaýatynda üç sany himiýa önümçiliginiň ýody öndürmek boýunça kuwwatlyklary bardyr. Olaryň önümleri tutuşlygyna eksporta niýetlenilendir.
Hazardaky himiýa zawodynyň tehniki uglerod önümçiliginde plazmaly fakeliň täze tehnologiýasyny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi önümiň hilini has gowulandyryp, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrar, rezin önümçiligini gurnamaga mümkinçilik berer.
Maşyn gurluşygy we metal işläp bejerýän pudaklar nebiti we gazy gazyp alýan pudaklar, energetika, suw hojalygy we milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary üçin zerur bolan önümleri öndürýär. Bular elektrik liniýalaryň çatryklarynda oturdylýan anker sütünleri, tok geçiriji, gorag örtügi bolmadyk simler, tok liniýalaryny birleşdiriji armaturalar, elektrotehniki önümler, köçeleri we seýilgähleri yşyklandyrmak üçin sütünler, nebit önümlerini gazyp almak we gaýtadan işlemek üçin enjamlar, nebit önümlerini saklamak üçin silindr şekilli, göniburçly gaplar, nebit önümlerini we suwuk serişdeleri çykarmak üçin nasoslar, çoýundan we reňkli metaldan guýma önümler.
Dokma toplumy
Türkmenistanda häzirkizaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen, eksporta gönükdirilen dokma senagaty döredildi.
Täze kähanalaryň gurluşygynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde ýurduň pagta süýmünden taýýar önüm öndürmek boýunça önümçiligiň kuwwatlylygy 130 müň tonna ýetirildi, 1991-nji ýylda bu görkeziji 10 müň tonna barabar bolupdy.
Türkmenistanyň dokma senagatynyň çalt ösmeginiň möhüm sosial meseleleri çözmekde uly ähmiýeti bardyr. Şu pudagyň kärhanalarynyň aglabasy etraplarda gurlandyr. Munuň özi sebitlerde ilatyň iş orunlary bilen üpjün edilmegine we onuň girdejileriniň artmagyna ýardam edýär.
2007-nji ýylda ýurtda 84,0 müň tonna nah mata ýüplügi, 184,5 million inedördül metr nah mata, 8,2 müň tonna örme mata, şeýle hem jemi möçberi 1,3 trillion manatlyk tikinçilik önümleri öndürildi.
Toplumyň önümleriniň ep-esli bölegi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň paýyna düşýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda dokma senagatynyň, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylan kärhanalaryň, gurluşygyna ABŞ-nyň 12 milliard dollary goýuldy. Bu pudakda daşary ýurt hyzmatdaş-kärhanalaryň maýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalar we paýdarlar jemgyýetleri döredildi.
Gelejekde Mary, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda dokma toplumlarynyň gurluşygyny, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek işlerini amala aşyrmaklyk göz öňünde tutulýar.
Täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi pagta çig malyndan öndürilýän köýneklik, žakkard, portýer matalarynyň, welwet, mahmal, batist, mytgal we matalaryň beýleki görnüşleriniň assortimentini giňeltmeklige ýardam eder.
Ähli kärhanalary öňdebaryjy ýokary netijeli tehnologiýalary ulanmak we bu babatda täzeçillikden peýdalanmak arkaly gurmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda dokma tolumlarynyň gurluşygyna daşary ýurt maýa goýujylary çekmek üçin öňaýly şertler döredilendir.
Ýurtda halyçylyk hem uly ösüşlere eýe boldy. „Türkmenhaly“ Döwlet paýdarlar korporasiýasy halyçylygy ösdürmekde we haly sungatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýar. Häzirki wagtda ýurduň ähli welaýatlarynda haly önümçiliginiň giň ulgamy döredildi.
Ýurduň ykdysadyýetinde ýüpekçilik pudagynyň ösdürilmegine, şonuň esasynda bolsa ýüpek kelepleýji önümçiligi ösdürmeklige möhüm ähmiýet berilýär.
Oba hojalygy we AST-nyň gaýtadan işleýji pudaklary
Ýurduň agrosenagat toplumyny ösdürmegiň baş wezipeleri ilatyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakdan, gaýtadan işleýän pudagy çig mal bilen üpjün etmekden, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakdan we täze hojalyk gatnaşyklaryny kemala getirmekden we şunuň esasynda ýurduň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Şu meseleleri çözmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda ýerli oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikler göz öňünde tutulýar, şolaryň sanawynda daýhan birleşiklerini maliýe taýdan goldamak, ýer üçin tölegiň ujypsyzja möçberi, suw gorlaryndan mugt peýdalanmak, salgyt tölemekden doly boşadylmak, öz öndüren önümini eksport etmäge mümkinçilik bermek ýaly gaýry ýeňillikler bardyr. Mundan başga-da Türkmenistanyň Hökümeti oba hojalyk önümlerini öndürjilere meýdanlary mehanizmler arkaly işläp bejermekde, dökünleri satyn almakda 50% ýeňillikli goldaw berýär. 2008-nji ýylda pagtanyň we bugdaýyň satyn alyş nyrhy ýokarlandy. Bularyň ählisi oba hojalyk önümçiliginiň möçberlerini ösdürmäge amatly şertleri döredýärler.
Oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmagyň derejesi ýokarlanýar. Döwlet tarapyndan mehanizmleşdirilen işleri laýyk agrotehniki möhletlerde geçirmegi üpjün edýän möçberde öňdebaryjy oba hojalyk tehnikasyny satyn almak amala aýyrylýar.
Agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýän ulgamynda täze kärhanalary ulanmaga bermegiň we ozal bar bolan kärhanalarynyň durkuny täzelemegiň hasabyna öndürilýän önümleriň möçberleri artýar, olaryň görnüşleri köpelýär we hili gowulanýar. Muňa kärhanalarda hiliň we howpsuzlygyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnologiýanyň we häzirkizaman enjamlarynyň barha giňden ulanylmagy ýardam edýär. Gaýtadan işleýän senagaty ösdürmeklige ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň telekeçilik düzümleri işjeň çekilýär. Şu maksatlar üçin döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçilige ähli çäreler arkaly goldaw bermek, tehniki şertleri işläp taýýarlamaga ýardam etmek, kiçi sehleri gurmak üçin ygtyýarnama bermek göz öňünde tutulýar.
Gurluşyk toplumy
Ýurduň jemi içerki önüminde gurluşygyň paýy 6%-e golaýdyr. Gurluşyk meýdançalarynda we gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde zähmet çekýänleriň umumy sanynyň 9%-inden gowragy işleýär.
Türkmenistanyň gurluşyk toplumynda şu günki-gün 2,3 müňden gowrak kärhanalar we guramalar bar. Şolaryň 2 müňüsi potratçy gurluşyk guramalary, 105-isi taslama-gözleg we konstruktorçylyk, 238-si gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalarydyr.
Gurluşyk kärhanalarynyň umumy sanynyň 22%-ini döwletiň hojalygy dolandyryş subýektleri tutýar. Döwlete degişli däl 1,5 müň kärhananyň düzüminde 48 sany daşary ýurt kärhanalary, 14 sany bilelikdäki kärhana bardyr. Taslama-gözleg we konstruktorçylyk guramalarynyň düzüminde döwlete degişli däl bölegiň paýyna 70% düşýär. Gurluşyk materiallary senagatynda olaryň paýy 77%-e barabardyr.
Gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalarynda sement, gurluşyk aýnasy, diwar materiallary, magdan däl materiallar, keramzit we önümiň gaýry görnüşleri öndürilýär.
2007-nji ýylda 2000-nji ýyldaka garanyňda potratçylyk işleriniň möçberi 2,1 esse artdy. Häzirki wagtda döwlet böleginiň paýyna eýeçiligiň ähli görnüşleri tarapyndan ýerine ýetirilýän potratçylyk işleriniň möçberiniň 43%-den gowragy düşýär.
Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan guralan eýeçiligiň döwlete degişli däl görnüşindäki potratçylyk sektorynda gurluşyk häsiýetli işleriň möçberi soňky 8 ýylda 8,4 esse ösdi.
Eýeçiligiň döwlete degişli däl görnüşiniň potratçylyk düzümleri hususy ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik kiçi-sehleriň, söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň we ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň gaýry pudaklarynyň gurluşyklaryny amala aşyrýarlar. Şu günki gün bu sektor ýurduň potratçylyk bazarynda 18% paýy eýeleýär.
2007-nji ýylda daşary ýurt kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen potratçylyk işleriniň möçberi Türkmenistan boýunça agzalan işleriň görnüşleriniň 37%-ine deň boldy.
Ulag we aragatnaşyk infrastrukturasy
Türkmenistan ýurduň tutuş ykdysadyýetiniň durnukly ösmegini üpjün edýän infrastrukturanyň möhüm pudagy hökmünde ulag we aragatnaşyk ulgamynynyň (demirýol we awtomobil ýollary, deňiz we derýa portlary, turbageçirjiler) ösmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Demirýol ulaglary
Türkmenistanyň demirýol ulaglary işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda demir ýollaryň uzynlygy 3100 km golaýdyr. 16 ýylyň içinde ol 1200 kilometrden gowrak uzady. Demirýol ulaglarynyň özüne çekijiligi eksport-import we üstaşyr ýükleriň 80%-den gowragynyň şu ulaglar arkaly daşalýandygy bilen şertlenendir. Şonuň üçin hem soňky ýyllarda demirýol ulgamynyň ösmegine uly üns berilýär.
Ýurduň ykdysady potensialynyň ösmegi bilen daşalýan ýükleriň möçberleri hem ýyl-ýyldan artýar, Garaşsyzlyk ýyllarynda olar 3 esseden hem artdy we 2007-nji ýylda 23,4 million tonna ýüke we bir ýylda 5,8 million ýolagça barabar boldy.
Şu günki gün Türkmenistan üstaşyr ýükleri daşamak boýunça merkezleriň birine öwrüldi. Her ýylda daşalýan ähli ýükleriň 70 göterimi - her gije-gündizde 400 wagony geçirýän Sarahs stansiýasyndan üstaşyr geçýän ýüklerdir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Tejen-Sarahs, Türkmenabat-Atamyrat, Daşoguz-Köneürgenç, Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýollarynyň gurluşyklary tamamlandy.
Atamyrat şäheriniň ýanynda Amyderýanyň üstünden demirýol bilen utgaşdyrylan awtomobil köprüsi gurulýar.
"Demirgazyk-Günorta" transport koridory
Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäklerinde uzynlygy 900 km barabar bolan, Hazaryň Gündogar kenary boýunça „Demirgazyk-Günorta“ halkara demirýol koridorynyň düzümine girýän Uzen (Gazagystan)-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen (Eýran) demir ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar.
Gurluşyk iki ugur, Bereket-Etrek-Gürgen (Eýran) we Bereket-Gyzylgaýa-Uzen (Gazagystan) boýunça alnyp barylýar.
327 km uzynlygy bolan Bereket-Etrek-Gürgen (Eýran) Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol şahasynyň Bereket stansiýasyndan başlanýar. Demir ýoluň Türkmenistanyň çägindäki uzynlygy 256 km barabardyr. Şu şahanyň ugrunda 7 sany stansiýany, 2 sany razýezdi, şeýle-de şu desgalara degişli umumy uzynlygy 73 km bolan podýezd we kömekçi ýollary gurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Etrekdäki lokomotiwleriň yzyna öwrülýän deposynyň, wagonlara tehniki hyzmat edýän merkeziň, şeýle hem serhet ýakasynda wagon tirkeglerini çalyşmak boýunça bazanyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Bereket-Gyzylgaýa-Uzen (Gazagystan) demir ýolunyň uzynlygy 571 km barabardyr. Türkmenistanyň çägindäki uzynlygy bolsa 441 km deňdir. Şu şahanyň ugrunda 10 sany stansiýany, 11 sany razýezdi, şu desgalara degişli umumy uzynlygy 99 km bolan podýezd we kömekçi ýollary gurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Gyzylgaýa lokomotiwleriň yzyna öwrülýän deposynyň, wagonlara tehniki hyzmat edýän merkeziň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Hindi ummanyndan we Pars aýlagyndan Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň üstünden Demirgazyk we Gündogar Ýewropa "Demirgazyk-Günorta" ugry boýunça üstaşyr geçirilýän ýükleriň geçýän ýoly Sues kanalynyň üstünden geçýän ýoldan üç esse gysgadyr.
Mälim bolşy ýaly, "Demirgazyk-Günorta" koridory boýunça ýükleri daşamak has amatlydyr. Şunuň bilen baglylykda bu taslama diňe bir Aziýa ýurtlary däl, eýsem Ýewropa ýurtlary hem uly gyzyklanma bildirýärler.
Howa ulaglary
Garaşsyzlyk ýyllarynda ulaglaryň şu görnüşi hem özüniň uly ösüşlerine eýe boldy. Aşgabatda geçirijiligi sagatda 1600 ýolagça barabar bolan aerowokzal toplumy guruldy, howadaky hereketi dolandyrýan ulgam dolulygyna täzelendi, uçuş-gonuş meýdançasy guruldy, häzirkizaman uçarlary we dikuçarlary satyn alyndy. Şu günki gün Türkmenistanyň howa giňişliginden her günde daşary ýurtlaryň onlarça howa gämileri geçip gidýärler. Ähli welaýat merkezlerine we 11 sany daşary ýurda, şeýle-de onlarça ýurtlara tertipnamadan daşary ýöriteleşdirilen gatnawlar esasynda ýükler daşalýar. Türkmenistanyň howa gämileriniň parkynda dünýä belli "Boing" kompaniýasynyň awialaýnerleri, "Sikorskiý" we "Super Puma" kärhanasynyň dikuçarlary bar. Türkmenistan mundan beýläk hem "Boing" kompaniýasynyň iň täze uçarlaryny satyn almaklygy dowam etdirer.
"Türkmenhowaýollary" Döwlet milli gullugy içerki gatnawlardan başga-da 13 ugur boýunça gatnawlary amala aşyrýar: Abu-Dabi, Amritsar, Almaty, Bangkok, Birmingem, Deli, London, Moskwa, Minsk, Pekin, Stambul, Frankfurt we Kiýew. Milli gullugyň Ýewropanyň we Aziýanyň 11 döwletinde wekilhanasy bardyr. „Türkmenhowaýollary“ Döwlet milli gullugyndan başga-da ýurduň çäklerinde 12 sany daşary ýurt awiakompaniýasy hasaba alnandyr.
Türkmenbaşy şäherinde sagatda 800 ýolagçyny geçirip bilýän, 3500 metr uzynlykda uçuş-gonuş zolagy we 6 sany howa gämisi durar ýaly duralgasy bolan täze aerowokzalyň gurluşygy başlandy. Şu ýerde VIP salonyň we merkezleşdirilen ýangyç guýujy stansiýanyň jaýy gurular.
Mary şäherinde sagatda 300 ýolagçyny geçirip bilýän terminalyň täze jaýy we 3500 metr uzynlykdaky uçuş-gonuş zolagy guruldy. Ozal bar bolan rulež ýoljagazly perronyň, şeýle-de 5 sany ýörite awtotehnikaly ýangyna garşy deponyň durkuny täzelemeklik meýilleşdirilýär.
Deňiz ulaglary
Türkmenistanda deňiz ulaglary uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenbaşydaky portuň durky täzelenilenden soňra onuň geçirijilik ukyby iki esseden hem artdy. Ol bütin ýylyň dowamynda deňiz gämilerini kabul etmäge we gije-gündiziň dowamynda ýük ýüklemek-düşürmek işlerini amala aşyrmaga ukyplydyr. Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunyň durkuny düýpgöter täzelemek we häzirkizaman deňiz wokzalyny gurmak göz öňünde tutulýar.
Awtomobil ulaglary
Awtomobil ulaglary döwletiň ykdysadyýetiniň iň wajyp baglaşdyryjy bölegidir.
Her ýylda awtomobil ulaglary bilen 500 million tonna golaý ýük daşalýar we 1 milliard ýolagçy gatnadylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda awtoulag serişdeleriniň sany 3 esseden hem artdy. Awtoulaglar parky şu aşakdaky ýaly bölünýär: 77% - ýeňil awtomobiller, 19% - ýük we ýöriteleşdirilen awtomobiller we 4% - awtobuslar.
Häzirki wagtda döwlet ähmiýetli awtoýollaryň uzynlygy 13,7 müň km barabardyr. Mundan başga-da şäheriçi we ýerli ähmiýetli, gaty örtükli köp çatrykly ýollaryň ulgamy bardyr. Şu günki gün umumy uzynlygy 1,6 müň km barabar bolan "Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat" we "Aşgabat-Garagum-Daşoguz" awtomagistrallarynyň gurluşygy boýunça işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Awtomagistrallaryň umumy giňligi 31 metr, her bir gatnalýan böleginiň giňligi 12,25 metrdir. Şu obýektlerdäki işleri 2010-njy ýylda tamamlamak bellenildi.
Telekommunikasiýa
Ýurtda telekommunikasiýa infrastrukturasy giňden ýaýbaňlandyrylýar – täze telefon awtomat stansiýalary gurulýar, halkara kanallarynyň ulgamy giňelýär, abonentleriň sany köpelýär, aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşleri artýar. Häzirki wagtda 500 müň belgili stasionar ATS bar, şol sanda olaryň ýarysyndan gowragy sanly stansiýalardyr, 155 müň belgili "TM Cell" öýjükli aragatnaşygyň milli ulgamy ulanylmaga berildi, 360 müň belgili BCTI (MTC) öýjükli aragatnaşygyň bilelikdäki kärhanasy hereket edýär. Türkmenistanyň çäklerindäki uzynlygy 1400 km barabar bolan Trans Aziýa-Ýewropa optika-süýümli aragatnaşyk ulgamy guruldy, aragatnaşygyň radioreleli görnüşi we başgalar guruldy.
Türkmenistanyň ähli ilatly ýerleri durnukly aragatnaşyk bilen üpjün edildi. Öýjükli aragatnaşygyň sygymlylygyny 400 müň nomere çenli artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Şolaryň 200 müň sanysy "TM Cell" milli öýjükli aragatnaşygyň paýyna düşýär.
"Türkmentelekom" Döwlet elektroaragatnaşyk kärhanasy tarapyndan ilata Internet global habarlar ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berilýär. Häzirki wagtda täze enjamlaryň işe girizilmegi bilen internetiň abonentleriniň sanyny 20 müň birlige artdyrmak üçin işler alnyp barylýar.
Syýahatçylygyň ösüşi
Türkmenistanda dynç alyşyň we syýahatçylygyň kuwwatly pudagyny döretmek döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň üçin ýurtda häzirkizaman, kaşaň şäherler, köpsanly taryhy we medeni ýadygärlikler, şeýle-de dürli-dürli tebigy landşaftlar we klimatik zolaklar bar.
Bir tarapdan ýerli ilatyň we daşary ýurt raýatlarynyň syýahatçylyk hyzmatlaryna bolan giň mümkinçiliklerini üpjün edýän bolsa, beýleki bir tarapdan ýurduň ykdysadyýetini ösdürmeklige önjeýli goşant goşýar, şol sanda býujete gelip gowuşmalaryň, daşary ýurt walýutasynyň gelmeginiň, iş orunlarynyň artmagynyň, medeni we tebigy mirasy gorap saklamagyň we ondan netijeli peýdalanmagyň hasabyna ýokary netijeli we bäsleşige ukyply syýahatçylyk toplumyny döretmek - syýahatçylygy ösdürmegiň baş maksady bolup durýar.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy
Saglygy dikeldiş - dynç alyş we ekologiki syýahatçylygy ýaýbaňlandyrmak üçin Hazar deňziniň türkmen böleginiň ägirt uly mümkinçilikleri bardyr. Ýurdumyzyň bu künjegi türkmen tebigatynyň ýumşak klimatly, mineral, palçykly çeşmeli we alyslara uzap gidýän altyn öwüsginli çägeli plýažly, öz gözelligi boýunça örän täsin deňiz peýzažly, şowhunly "Guş bazarly", Hazar döwlet goraghanasynyň biologiki köpdürliligi boýunça ajaýyp suwly-batgaly ýerleridir
2007-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrylyş dabarasyny hakykatdan hem halkara möçberindäki waka diýip atlandyrsa bolar. Bu waka dynç alyş we syýahatçyllyk pudagyna daşary ýurt maýa goýumlarynyň kuwwatly akymyny çekmek arkaly ýurduň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen düýbünden täzeçe çemeleşmäniň dünýä inen pursatyna öwrüldi. Onuň esasy maksady ýurduň ilatynyň ähli jähtden doly manyly durmuşy üçin zerur bolan şertleri döretmeklige gönükdirilen wajyp sosial ähmiýetli syýasaty hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Halkara ülňülerine laýyk gelýän bu syýahatçylyk zolagyny kenaryň 16 kilometre uzaýan ýakasynda gurmaklyk göz öňünde tutulýar.
Dürli ýurtlaryň we şäherleriň tejribesi erkin ykdysady we dynç alyş zolaklarynyň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edýändigini, şol sebitiň we tutuş ýurduň ösmegine kuwwatly itergi berýändigini görkezýär.
Iň döwrebap myhmanhanalaryň, çagalar sagaldyş öýleriniň, şypahanalaryň, kaşaň jaýlaryň, söwda we täjirçilik merkezleriniň gurluşyklarynyň taslamalary daşary ýurt kärhanalarynyň we şereketleriniň uly tapgyry tarapyndan ýerine ýetiriler. Syýahatçylyk zolagynyň çägindäki desgalaryň taslamalary işlenip düzülende, ýerleşdirilişi we gurluşygy amala aşyrylanda, ulanyşyga girizilende ekologiýa howpsuzlygynyň we daşky gurşawyň goragynyň talaplary berjaý edilmelidir.
Sebitde ulag aragatnaşygy ulgamynyň - deňiz portunyň, aeroportuň, awtomobil we demir ýollarynyň bolmagy hem örän wajypdyr. Hazar sebitiniň syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi üçin "Demirgazyk-Günorta" demir ýolunyň gurluşygy hem täze mümkinçilikleri döreder.
"Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi bilen daşary ýurtly myhmanlaryň beýleki dynç alyş merkezlerine, ilkinji nobatda hem Türkmenistanyň çäklerinden daşarda tanalýan mineral çeşmeli we bejeriş häsiýetli läbikli şypahanalaryna bolan gyzyklanmasy has-da artar.
"Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynda maýadarlar we syýahatçylyk pudagyndaky işewürler üçin oňaýly şertler dörediler. Bu çäreler öz düzümine aşakdakylary girizýär:
- daşary ýurtly maýa goýumçylara Türkmenistanda ýerine ýetirilen hyzmatlardan we işlerden gazanan girdejileriniň harçlanylmadyk bölegini ýurduň daşyna çykarmaga rugsat bermek;
- milli walýutanyň erkin konwertirlenýän walýuta çalşylmagyny üpjün etmek;
- Milli syýahatçylyk zolagynda işleýän daşary ýurtly hünärmenlere we işçilere Türkmenistana giriş wizalaryny we rugsatnamalary ýeňillikli görnüşde bermek;
- ýolnamasy bolan syýahatçylara giriş wizalaryny ýeňillikli görnüşde bermek;
- syýahatçylyk zolagynda işlejek edara görnüşli taraplar we bu ýerde amala aşyryljak taslamalar döwlet tarapyndan hasaba alynanda, ygtyýarnama alynanda we çig mal biržasynda geleşikler resmileşdirilende resmileşdiriş we birža ýygymlaryndan, şeýle hem ygtyýarnama üçin hyzmatlaryň töleginden boşatmak;
- ýeri muzdsuz kärendesine bermek;
- Milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalary gurluşyk döwründe goşulan baha üçin salgytdan, desgalar ulanylmaga berlenden soň 15 ýylyň dowamynda peýdadan alynýan salgytdan we emläk salgydyndan boşatmak.
Häzirki wagtda Awazanyň meýdany 1700 gektar möçberinde kesgitlenildi. Ilkinji nobatda gurluşygy alnyp barylmaly 90 sany ýer bölekleriniň sanawy we möçberi tassyklanyldy. 2008-nji ýylda "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynda kuwwatlylygy 254,2 mWt barabar bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Syýahatçylyk zolaklarynyň halkara tejribesi syýahatçylyk bilen bir hatarda bu sebitde bar bolan ugurdaş ulgamlaryň hem, ýurduň umumy ykdysadyýetinde telekeçilik işjeňliginiň hem gülläp ösýändigine güwä geçýär.
Awazadan ulag bilen birnäçe sagatlyk aralykda ýerleşen Mollagara kölüniň şor suwy we şypaly gara palçygy bejeriji we sagaldyjy täsirleri bilen giňden meşhurdyr. Hazaryň kenarynda "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynyň özleşdirilmegi, döwrebap enjamlaşdyrylan Mollagara şypahanasyny hem şol zolagyň özboluşly künjegine öwürer.
Düýpli durky täzelenenden soň ýakyn geljekde meşhur Arçman (aşgazan-içege ýollarynyň bejergisi) we Baýramaly (böwregiň, ýüregiň we nerw ulgamynyň öte geçen, utgaşykly näsazlygynyň bejergisi) şypahanalarynyň amatlylyk derejeleri has-da ýokarlanar.
Syýahatçylyk hyzmatlarynyň ösüşiniň esasy ugurlary:
- dynç alyş-şowhun infrastrukturasynyň döredilmegi we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy, şowhunlar telekeçiligi pudagynyň ösdürilmegi;
- sportuň işjeň görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän syýahatçylyk-sagaldyş we şypahana-kurort bejergisi, syýahatçylyk zyýaratlary, dynç alyş zolagynda dürli syýahatlaryň guralmagy (mysal üçin, deňiz gezelençleri, atly gezimler, eko- we agrosyýahatçylyk we beýleki hyzmatlar), ýurt boýunça gezelenç ýollarynyň ösdürilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň gözel künjeklerine we arhitektura ýadygärliklerine aýlanmak üçin (awtomobil, demirýol we howa ulaglary bilen) syýahatçylyk ýollarynyň ugurlarynda oňaýly şertleriň döredilmegi.
Daşary ykdysady gatnaşyklar
Türkmenistanda daşary ykdysady gatnaşyklaryň guramaçylyk-düzüm binýady döredildi. Daşary ykdysady işi dolandyrmak üçin kabul edilen kanunçylyk binýadyna aşakdakylar degişlidir: "Daşary ykdysady gatnaşyklar hakynda", "Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda", "Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda" we "Walýuta dolanyşygy hakynda" kanunlar, "Türkmenistanda eksport we import önümlerini (işlerini, hyzmatlaryny) ygtyýarlandyrma hakynda" Düzgünnama, "Türkmenistanda daşaryykdysady işi dolandyrmagyň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary.
Oňyn bitaraplyk we "açyk gapylar" syýasaty ýurduň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we dünýä ykdysady bileleşigine yzygiderli aralaşmagy üçin şertleri döretdi.
Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň gitdigiçe çugdamlaşýan şertlerinde dünýä bazarlaryna girmek üçin bar bolan mümkinçilikleri ulanmak, dünýä zähmet bölünişiginde öz ornuňy, depginiňi we mundan beýläk hem goşulyşma ugruňy tapmak zerurlygy ýurduň daşary ykdysady işiniň esasy wezipeleridir.
Bu wezipeler Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär:
ýurduň eksport mümkinçiligini artdyrmak, ylmyň gazananlaryna esaslanýan, resurslary tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan arassa harytlary we hyzmatlary önümçilige ornaşdyrmak arkaly onuň bäsleşige ukyplylygyny berkitmek;
ykdysadyýetiň düzümlerini täzeden gurnamaga, önümçilik, transmilli taslamalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmaga, ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge, şolaryň esasynda hem täze söwda hyzmatdaşlaryny çekmäge ýardam bermek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek;
önümleriň görnüşlerini giňeltmek we bäsleşigi goldamak maksady bilen orta we kiçi telekeçiligi ykdysady işiň taýýar we ýarym taýyn önümleriň eksport mümkinçiliklerini artdyrjak täze ugurlaryna gönükdirmek;
daşary ýurt maýa goýumlarynyň we içerki maliýe serişdeleriniň hasabyna senagat we gurluşyk ulgamlaryny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak;
çig malyň we materiallaryň dünýä bazarynda Türkmenistanyň ornuny berkitmek, taýýar önümleriň we hyzmatlaryň eksport möçberlerini atrdyrmak;
türkmen harytlaryna we hyzmatlaryna dünýä bazarlaryna çykmakda deň derejeli şertleri döretmek;
milli önümçiligi goldamaklyga gönükdirilen, şol bir wagtyň özünde hem içerki bazardaky bäsleşik şertlerini gowulandyrmagy üpjün edýän gümrük-nyrh syýasatyny durmuşa geçirmek;
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek.
Türkmenistanda döredilýän, hereket edýän we taslamasy taýýarlanylýan transmilli gaz we elektrik geçirijilerini hem öz içine aljak köpugurly energetika infrastrukturasy ýakyn wagtlarda ýurduň daşary ykdysady işinde esasy orny eýelär.
Daşary söwda
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň soňky 10 ýylyň içinde ýokary depginlerde ösmegi, ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberini ýylyň-ýylyna artdyrmaklyga mümkinçilik berýär. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy ABŞ-nyň 13,4 milliard dollaryna deň boldy. Şol ýylda, 2006-njy ýyl bilen deňeşdirilende eksport ABŞ-nyň 2,2 milliard dollary möçberinde artyp, 8,9 milliard amerikan dollaryna barbar boldy. 2007-nji ýylda daşary söwda dolanyşygynyň oňyn galyndysy ABŞ-nyň 4,5 milliard dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlary Russiýa, Gazagystan, Hytaý, Türkiýe, Italiýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Şweýsariýa, Fransiýa, Eýran we beýleki döwletlerdir. Bu günki gün Türkmenistanyň önümleri, şol sanda gaz, nebit we nebit önümleri, elektrik energiýasy, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, pagta süýümi, nah ýüplügi, matalar we beýleki harytlar dünýä bazarlarynda giňden görkezilendir.
Mineral-çig mallaryň baý gorlary, olaryň netijeli peýdalanylyşy ýurduň daşyna çykarylýan harytlaryň möçberini artdyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistany çig mal öndüriji ýurtdan taýýar önümleri öndürýän we dünýä bazarlaryna eksporta çykarýan ýurda öwürmek ykdysadyýetiň düzüm özgertmeleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde hem günbatar tilsimatlarynyň we enjamlarynyň importyna goldaw berilmelidir. Soňky ýyllarda ýurda getirilýän harytlaryň 70 göterimden gowragy önümçilik häsiýetli tilsimatlaryň we enjamlaryň paýyna düşýär.
Bank ulgamy
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda netijeli hereket edýän iki derejeli bank ulgamy, Türkmenistanyň Merkezi banky we täjirçilik banklary döredildi.
Türkmenistandaky banklaryň işi "Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda", "Täjirçilik banklary we bank işi hakynda", şeýle hem "Walýuta dolanyşygyny düzgünleşdirmek hakynda" we beýleki kanunlar tarapyndan dolandyrylýar.
Bank ulgamynyň birinji derejesine Türkmenistanyň Merkezi banky degişlidir. Ol pul-karz ulgamyny dolandyrmak, Türkmenistandaky täjirçilik banklaryna we şahamçalaryna gözegçilik-barlag wezipelerini ýerine ýetirýär.
Ikinji derejä döwlet täjirçilik banklarynyň 5-isi we olaryň şahamçalarynyň 120-si, 1 sany täjirçilik banky, 3 sany paýdarlar-täjirçilik banklary, şeýle hem daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky 2 sany bank degişlidir.
Banklar aşakdaky esasy bank amallaryny ýerine ýetirýärler:
goýumlary we depozitleri çekmek;
pul geçirimlerini amala aşyrmak;
karz pul serişdelerini bermek;
maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek;
- üçünji taraplar üçin kepillikler, güwänamalar we borçnamalar bermek;
- maliýe serişdelerini bermek, ýerleşdirmek we gymmatbaha kagyzlary dolandyrmak;
- müşderileriň maýa goýumlarynyň dolandyjysy, geňeşçisi, maliýe ýumuşçysy ýa-da maslahatçysy hökmünde hyzmatlary hödürlemek;
- zamun goýmak we gozgalmaýan emläkler bilen beýleki amallary ýerine ýetirmek;
- ipoteka karzlaşdyrmasyny amala aşyrmak.
Häzirki wagtda Türkmenistanda karzlaşdyrmagyň täze gurallaryny işläp düzmeklik babatynda işler geçirilýär. Olar hususy bölege ownuk karzlary bermekligi, önümçiligi karzlaşdyrmaklygy öz içine alýar.
Ilatyň ýaşaýyş-jaý üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerdäki ipoteka karzlaşdyrmasy güýçli depginler bilen ösdürilýär. Ipoteka karzlaşdyrmasy ýyllyk 1% bilen 30 ýyl möhlete çenli, onuň hem ilkinji 5 ýylynda esasy bergi üçin däl-de, diňe karz üçin göterim tölenilýär. Şunuň bilen birlikde kärhanalara we guramalara ipoteka karzyny alan öz işgärlerine satýan öýüniň bahasyny 50% arzanlatmaga rugsat berilýär. Häzirki wagtda ipoteka karzlaşdyrmalary oba ýerlerinde, şäherçelerde, etrap we welaýat merkezlerinde hem giňden ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty
Maýa goýum syýasatynyň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasaty ähli geçirilýän özgertmeleriň dolandyrylyşyny üpjün etmeklige, differensirlenen (tapawutlandyrylan), durnukly ösýän ykdysadyýeti döretmeklige, döwlet maksatnamalaryny we maýa goýum taslamalaryny jemgyýetiň talaby we ykdysady bähbitler bilen baglanyşdyrmaklyga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary:
- nebitgaz pudagynda türkmen ýangyjyny dünýä bazaryna çykarmagyň differensirlenen ulgamyny döretmek üçin dürli ugurlar boýunça turbageçirijiler ulgamyny gurmak we öňdebaryjy halkara kompaniýalary bilen nebitiň we gazyň tebigy gorlaryny rejeli peýdalanmak, çuň gözleg işlerini amala aşyrmak we uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny gury ýerde, şeýle-de Hazar deňziniň ýalpaklarynda özleşdirmek boýunça uzak möhletli hyzmatdaşlygy tebigy baýlyklary gazyp almagyň, gaýtadan işlemegiň we eksport etmegiň möçberini artdyrmak maksady bilen alyp barmak;
- dokma senagatynda ýokary öndürijilikli täze dokma kärhanalaryny döretmegiň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pagta süýmüni ýurduň içinde gaýtadan işlemekligiň möçberini artdyrmak, şeýle-de içerki we daşarky bazarlar üçin bäsleşige ukyply önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar;
- himiýa senagatynda mundan beýläk hem himiýa önümçiligini ösdürmeklik, şol sanda karbamid zawodlarynyň, kaliý hloridini, kaliý sulfatyny, kaustik sodany we hlory öndürmek boýunça himiýa toplumynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Gelejekde Garabogazköl aýlagynyň tükeniksiz himiki çig mal gorlaryny özleşdirmeklik meýilleşdirilýär;
- senagatyň beýleki pudaklarynda ösüşiň differensirlenen ugry saýlanyp alyndy, ýagny esasy ugur çig mal önümçiliginden taýýar önüm öndürmeklige gönükdirildi, netijede eksporta niýetlenen önümçilik bilen bilelikde importy çalyşmaga ukyply önümçilikler hem ösdüriler. Munuň bilen baglylykda maýa goýumlarynyň görnüşleri we maksatlary kesgitlenildi we olar ýurduň ýangyç-energetika mümkinçiligini, himiýa, metallurgiýa, gurluşyk materiallary senagatlaryny ösdürmeklige gönükdirilýär;
- agrosenagat toplumynda maýa goýum syýasaty dänäni öndürmeklik we gaýtadan işlemeklik bilen bir hatarda pagtaçylygy mundan beýläk hem ösdürmekligi, şeýle-de ýüňi we derini taýýarlamaklygy we gaýtadan işlemekligi göz öňünde tutýar. Bellenen esasy ugurlaryň içinde däne öndürmekligi artdyrmak we ony gaýtadan işlemekligiň ýokary tehnologiýaly ulgamyny döretmek – degirmenler, un we unaş önümlerini öndürýän toplumlaryny gurmak, ýokary hilli iýmit önümlerini öndürmek we içerki sarp edijiler bazaryny doly üpjün etmek ýaly ugurlar hem bardyr;
- ulag we aragatnaşyk ulgamynda esasy maýa goýum akymy awtomobil, howa, demirýol, derýa we deňiz ulaglaryny, awtomobil ýollarynyň gurluşygyny ösdürmeklige, şeýle-de telekommunikasiýa ulgamyny we poçta-elektron aragatnaşygyny kämilleşdirmeklige gönükdirilendir;
- bilim ulgamynda okuw edaralarynyň material-tehniki binýadyny täzelemek we giňeltmek, täze mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurluşygyny alyp barmak, maglumatlar we kompýuter tehnologiýasyny ornaşdyrmak, internet ulgamyndan peýdalanmagyň mümkinçiliklerini artdyrmak göz öňünde tutulýar;
- saglygy goraýyş ulgamynda we derman senagatynda hereket edýän edaralaryň durkuny täzelemek we täze, döwrebap ýöriteleşdirilen klinikalary, merkezleri, şypahanalary gurmak, şeýle-de ýerli derman senagatynyň çaltlaşdyrylan ösüşini gazanmak göz öňünde tutulýar;
- şäher gurluşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň maýa goýum syýasaty birnäçe maksatlary, ýagny şäherleriň we ilatly ýerleriň abadançylygyny we gök öwüsmegini berjaý etmek, şäheriň ýaşaýjylarynyň aýlanyp görýän we dynç alýan ýerlerine öwrüljek täze baglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri we beýleki arhitektura toplumlaryny gurmak ýaly işleri göz öňünde tutýar.
Beýleki bir maksady – raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň "Ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlaryny gurmak" baradaky maksatnamasynyň çäklerinde döwrebap, tehniki we durmuş talaplaryna gabat gelýän, ýokary amatlykly täze ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Administratiw binalaryň, ofisleriň, söwda we biznes merkezleriniň, medeni-durmuş häsiýetli binalaryň gurluşyklary dowam etdirilýär;
- ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagynda häzirki wagtda içerki önümiň 40% jemlenýär. Ykdysadyýetiň bu ulgamynyň uly gelejegini göz öňünde tutup, 2020-nji ýyla çenli onuň içerki önümiň düzüminde tutýan paýyny 70%-e çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu sepgide ýetmekde, serişdeleri, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekligi göz öňünde tutýan ýurduň maýa goýum syýasaty uly ähmiýete eýedir. Maýa goýumlar kiçi we orta kärhanalary döretmeklige we ösdürmeklige, fermer hojalyklaryny guramaklyga we goldamaklyga, şeýle-de ýurdumyzda täze döreýän synpy - telekeçileri okatmaklyga we taýýarlamaklyga gönükdiriler. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, daýhan hojalyklaryny berkitmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu maksatlar üçin döwlet tarapyndan maýa goýum taslamalaryna ýyllyk 5% bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlar berilýär.
Türkmenistan daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine örän ýokary derejede gyzyklanýar:
- "Awaza" milli syýahatçylyk zonasyny özleşdirmekde;
- Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrap säherleriniň we merkezleriniň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek üçin 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny amala aşyrmakda;
- "Demirgazyk-Günorta" Halkara transport koridoryna degişli bolan türkmen böleginde demirýol gurluşygyny alyp barmakda;
- Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň durkuny täzelemekde;
- suwuklandyrylan gazyň önümçiligini gurnamakda;
- ýod-brom zawodynyň gurluşygynda;
- magistral gazgeçirijileriň gurluşygynda;
- hereket edýän gazgeçirijileriň durkuny täzelemekde;
- himiýa zawodynyň gurluşygynda;
- nebithimiýa senagatyny ösdürmekde;
- awtomobil ýollarynyň gurluşygynda;
- maşyngurluşyk senagatyny ösdürmekde;
- agrosenagat toplumyny ösdürmekde;
- deri-gön önümçiligini we gaýtadan işlenilmegini ösdürmekde;
- dokma senagatyny ösdürmekde;
- azyk önümleriniň önümçiligini gurnamakda;
- habar beriş tehnologiýalaryny ösdürmekde, tehnoparklary döretmekde;
"Açyk gapylar" syýasaty, baý tebigy gorlar, ýurduň maýa goýumlary jähtinden özüne çekiji bolmagy Türkmenistany hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly ýurda öwrüp, milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmeklige ýardam berýär. Bu gün Türkmenistan deňhukukly, ikitaraplaýyn bähbitlere daýanmak we boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmek şertlerinde işleşmäge taýýar taraplaryň ählisini hyzmatdaşlyga çagyrýar.