• Türkmençe
  • Türkçe
  • English
  • Русский

Wiza

Türkmenistanyň Ankaradaky Ilçihanasynyň Konsullyk Bölümi 

Salgysy: Ankara şäheri, Çankaýa, Gazyosmanpaşa, Koza köçesiniň 28-nji jaýy
Tеl.: (312) 441-71-22, 441-71-23
Faks: (312) 441–71–25
14.00-dan 17.00-ä çenli telefon aragatnaşygy bilen habarlaşmak bolar.

Raýatlaryň kabul ediliş wagtlary

  • Duşenbe sagat 09:00-dan 12:00-ä çenli
  • Sişenbe sagat 09:00-dan 12:00-ä çenli
  • Çarşenbe wiza üçin raýatlar kabul edilmeýär
  • Penşenbe sagat 09:00-dan 12:00-ä çenli
  • Anna sagat 09:00-dan 12:00-ä çenli
  • Şenbe dynç güni
  • Ýekşenbe dynç güni

Wiza Anketi (Giriş petegi)

IndirWiza anketiniň (Giriş peteginiň) dogry doldurylyp, şahsyň özi tarapyndan Türkmenistan Konsullyk bölümine tabşyrmagy hökmanydyr.

(Wiza anketasynyň (Giriş peteginiň) çykdysy üçin hökmany A4 kagyzyna alynmalydyr)

Wiza anketasynyň (Giriş peteginiň) doldurylyşy hakynda

Aşagabat şäheriniň Halkara aeropotuna barandan soňra, wiza anketasynyň (Giriş peteginiň) doldurylmagy üçin daşary ýurtlylar üçin ýörite pasport  we Türkmenistan döwletiniň Konsullyk bölümi gullugynyň resminamasynyň düzgünlerine laýyklykda resmi gurama ýa-da aýratyn şahs tarapyndan iberilen çakylyk hatynyň asyl nusgasy ýa-da surat nusgasy (kopiýasy) görkezilmelidir. 

Türkmenistanyň ilçihanasynyň Konsullyk bölümine Türkiýeden ýüz tutanlara (Giriş petegi) wiza anketasy üçin şu aşakdaky resminamalar hökmanydyr:

  1. Türkmenistan döwletiniň Konsullyk bölümi gullugynyň ýörite şertnamasynnyň düzgünlerine laýyklykda resmi gurama ýa-da aýratyn şahs tarapyndan iberilen çakylyk hatynyň asyl nusgasy ýa-da kopiýasy; 
  2. Daşary ýurtlylar üçin ýörite pasport we onuň suraty ýerleşen sahypasynyň iki nusga kopiýasy; 
  3. Türk raýatlary üçin (resmi ýazgylaryň bolan sahypalaryň hemmesini öz içine almak şerti bilen) bir nusga pasport kopiýasy; 
  4. iki nusga wiza anketasy; 
  5. iki nusga täze düşen  hem-de reňkli, 3х4 ölçegindäki suraty. 

Wiza anketasy (Giriş petegi) doldurylan wagtynda bu resminamalardan başga çagalar üçin hökmany ýagdaýda iki nusga reňkli hem-de täze düşen suraty we dogulyş şahadatnamasy bilen onuň kopiýasy, pasportlar we nika hakyndaky şahadatnama, eger ene-ata aýrylyşan bolsa çaganyň ynanç haty hem-de çagany ýany bilen alyp gitmek üçin alnan rugsatnamasy ( ene-atadan biri ýa-da haýsy hem bolsa bir garyndaşy çagany ýany bilen alyp gidýän bolsa, beýleki galandan alnan rugsatnama) hökmanydyr.

Eger bu resminamalar şahsyň özi tarapyndan tabşyrylmaýan bolsa, onda notarius tarapyndan tassyklanan ynanç haty berlen bir şahsyň tabşyrmagy hökmanydyr. Eger bir guramanyň adyndan ynanç haty berlen bolsa, onda şol guramanyň haty bilen bu resminamalary tabşyrmagy hökmanydyr. 

Konsullyk hyzmatlary we wiza işleri üçin zerur bolan töleg resminamalar tabşyrylan wagtynda  tölenilmelidir. Eger wiza almak goýbolsun edilen ýagdaýynda tölenen töleg asla yzyna gaýtarylmaz. 

Resminamalar tabşyrylan wagtyndan başlap, iki hepdäniň, ýagny 10 iş gününiň dowamynda işler tamamlanar. 

Konsullyk hyzmatlary we wiza işleri üçin zerur bolan töleg hasaplaşygy 1995-nji ýyldan soňra basylan ABŞ dollaryna görä geçirilýär. Bu hasaplaşykda dollaryň düzgüne laýyk we kemçiliksiz bolmaklygy hökmanydyr.

Töleg hasaplaşygy galynjak günüň sanyna görä geçirilýär we onuň nusgasy aşakdaky ýalydyr: 

Bir gezeklik wizalarda:

  • 10 günlük – 35$ 
  • 20 günlük – 45$ 
  • 1 aýlyk – 55$
  • bir aýdan soňraky her bir aý üçin 30$ tölenmelidir.

Köp gezeklik wizalarda: 

  • 1 aýlyk – 75$ 
  • 2 aýlyk – 115$ 
  • 3 aýlyk – 155$ 
  • 6 aýlyk -275 $
  • bir aýdan soňraky her bir aý üçin 40$ tölenmelidir. 

Gyssagly wiza işleri üçin töleg mukdary iki esse artdyrylýar

Konsullyk hyzmatlary we wiza işleri üçin tölegiň mukdary 7-16 ýaş arasyndaky çagalar üçin 50% göterim arzanladylýar. 

BELLIK: Türk raýaty bolmaýan we beýleki daşary ýurtlardan bolanlar üçin hem şol birmeňzeş töleg nyrhy ýörgünlidir. Bu hakynda giňişleýin maglumat üçin Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi işgärleri bilen aragatnaşyk saklap bilersiňiz.