• Türkmençe
  • Türkçe
  • English
  • Русский

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. 

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin sagbolsun aýdyp, türkmen paýtagtynda GDA-nyň howandarlyk etmeginde nobatdaky forumy geçirmäge çagyrylandygy we oňa taýýarlyk görülmegine kömek berlendigi üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. S.Lebedew Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça işjeň, yzygiderli syýasaty ýöredip, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyga degişli meselelere işjeňlik bilen täzeçe çemeleşmäni görkezýändigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, Türkmenistanyň GDA-nyň assosiirlenen agzasynyň statusyny Arkalaşygyň işlerine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda has anyk we konstruktiw gatnaşmagyň oňaýly mümkinçiligi hökmünde kabul edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz biz öňden bäri gatnaşyk edýän hyzmatdaşlarymyz bilen deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek üçin hemişe taýýardyrys, bizi köp wagtdan bäri dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip aýtdy. 

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler geçiriljek mejlisiň gün tertibine degişli esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de GDA-nyň giňişliginde, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ugur, ulag we telekommunikasiýalar, oba senagat toplumy we ileri tutulýan beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Sergeý Lebedew Arkalaşyga girýän ýurtlaryň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek forumynyň hem bu yzygiderli prosesde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi, şol forumy geçirmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Prezidentine degişlidir. 

Döwlet Baştutany we myhman döwletara gepleşiginiň aýrylmaz bölegi hem-de halklaryň arasynda birek-birege düşünişilmegini we ynamy pugtalandyrmagyň möhüm faktory bolup durýan gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler. Sergeý Lebedew Türkmenistanyň örän möhüm ähmiýetli tejribe toplap, jemgyýetiň ösüşine, ýaş nesliň halkyň soňky döwürde täzeçe many-mazmuna eýe bolan görnüşde dowam etdirilýän ruhy däp-dessurlaryna laýyklykda terbiýelenilmegine degişli meselelere täzeçe, döwrebap ruhda çemeleşýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda myhman şu duşuşygyň öňüsyrasynda geçirilen uly möçberli çäräniň—Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça we döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykylmagynyň tüýs ýürekden haýran galdyrandygyny aýtdy. Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy häzirki wagtda Türkmenistanda sportuň milletiň fiziki we ruhy sagdynlygyny pugtalandyrmakda has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny hem-de Türkmenistanyň şu göreldesiniň GDA-a girýän ýurtlaryň ählisinde nusga edinmäge mynasypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle ýokary baha berlendigi üçin minnetdarlyk bildirip, sportuň adamlary parahatçylygyň we ýagşylygyň ýörelgeleri arkaly ýakynlaşdyrýandygyny hem-de sport boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutany geçiriljek forumyň üstünlikli bolmagyny arzuw edip, Arkalaşyga girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Aşgabatdaky duşuşygynyň umumy bähbitleriň hatyrasyna döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.