• Türkmençe
  • Türkçe
  • English
  • Русский

Metbugat Habary

 

Turkmenistanyň Prezidenti «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny ugradty



Sizi şöhraty dünýä dolan türkmen bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen bedewleriniň gelip çykyş taryhyny we seýisçilik sungatyny hemmetaraplaýyn öwrenmekde bu halkara ylmy maslahatynyň netijeli hem-de üstünlikli bolmagyny arzuw edýärin!

Türkmenistan dünýäniň iň gadymy medeni merkezleriniň biri bolmak bilen, türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda maddy we ruhy gymmatlyklara, baý edebi mirasa eýedir. Gadymy ekerançylyk medeniýeti, ylmy-medeni merkezleri, gamyşgulak bedewleri, nepis halylary, owadan şaý-sepleri dünýäniň medeni ösüşinde Türkmenistana taýsyz ornuň degişlidiginden habar berýär. Täze döwre, täze zamana gadam basan Garaşsyz ýurdumyzda halkara ylmy jemgyýetçiliginiň, tanymal alymlaryň gatnaşmagynda jemgyýetimiziň esasy ruhy sütünleri bolan maddy we ruhy baýlyklarymyzy, taryhy-medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek maksady bilen, onlarça ylmy taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň özi beýik Galkynyş eýýamynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan edebi mirasymyzy öwrenmekde halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlykda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär. Geljekde hem ykjam ýola goýlan halkara ylmy hyzmatdaşlygynyň netijesinde türkmen halkynyň baý maddy we ruhy mirasyny öwrenmekde uly işler amala aşyrylar.

Nusaýdan, Marguşdan tapylan demir sowut bilen örtülen at şekiljikleri, at heýkelleri, şaý-esbaplary, diwarlaryň ýüzündäki şekiller, ýüzlerçe beýleki ylmy-arheologiki maglumatlar—türkmen bedewiniň gelip çykyşynyň öz köküni neolit, eneolit we bürünç eýýamlaryndan, ynsanyýetiň gadymy döwürlerinden gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär. Hytaýyň, Hindistanyň, Müsüriň, Wawilonyň, Gresiýanyň, Rimiň gadymy taryhy ýazgylarynda, edebi gymmatlyklarynda türkmen bedewleriniň «ganatly bedew», «behişdi bedew», «daglaryň gerşinde ýaşaýan bedew» kimin meňzetmeler bilen ýatlanmagy, ylymda türkmen bedewleriniň gelip çykyşyna bagyşlanyp onlarça monografiýalaryň ýazylmagy, ylmy-barlaglaryň alnyp barylmagy — seýkin ýörişi, duýgurlygy hem wepadarlygy bilen adamyň kalbyny heýjana salyp gelýän türkmen bedewleriniň elmydama ýokary bahalara mynasyp bolandygyny görkezýär. Bu hem pederlerimiziň atçylygy sungat derejesine ýetirendigine güwä geçýär. Ata-babalarymyzyň zähmeti hem zehini bilen kemala gelen atçylyk sungatyna türkmen halkynyň kämil dünýägaraýşy, çuň pelsepesi, geçmişi siňendir. Owadanlykda, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjy, şöhraty bolupdyr.

Beýik Galkynyş eýýamynda türkmen atçylyk sungaty öz gözbaşyna dolanýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde döwlet derejesinde Türkmen bedewiniň baýramy dabaraly bellenýär, türkmen bedewine bagyşlanan halkara sergileri, gözellik bäsleşikleri guralýar. «Telpek gapdy», «Çowgan», «Owlak gapdy» ýaly at üstündaki gadymy milli oýunlarymyz dikeldilýär. Arassa tohum atlaryny ýetişdirmek bilen baglanyşykly köp işler alnyp barylýar. Atçylyk sportuny ösdürmek, türkmen bedewlerini halkara ýaryşlaryna taýýarlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan atçylyk toplumlarynyň, döwrebap aýlawlaryň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle bolansoň, türkmen bedewleriniň bütindünýä we halkara atşynaslyk sergilerinde hemişe baýraklara, ýokary sylagly orunlara mynasyp bolup gelýändigini ýatlap geçmegiň özi hem örän buýsançlydyr. Türkmeniň seýisçilik sungaty beýik Galkynyş eýýamynda has hem beýik derejelere eýe bolýar.

Sizi «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara ylmy maslahatynyň türkmen bedewiniň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrjakdygyna ynanýaryn. Halkara ylmy maslahatynyň işine üstünlikler arzuw edýärin!